DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa-ÝB daşary işler ministrleriniň duşuşygy

Şu gün Lýuksemburg şäherinde Merkezi Aziýa-Ýewropa Bileleşiginiň ministrler duşuşygy geçiriler. Lýuksemburg şäherinde ilkinji gezek geçiriljek “5+27” formatyndaky ilkinji duşuşykda Ýewropa Bileleşigi bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

Duşuşygyň maksady sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meýilnamalaryny beýan etmekden, şeýle hem global we sebit meýilnamalarynyň häzirki meseleleri barada pikir alyşmakdan ybaratdyr.

Şeýle hem bu duşuşygňy çäklerinde ikiçäk duşuşyklara hem orun berler. Olarda ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşylar.

ÝB-niň Daşary gatnaşyklar we howpsuzlyk syýasaty boýunça ýokary komissary Josep Borrell bu duşuşygyň öňüsyrasynda beren beýanatynda 2019-njy ýylda Merkezi Aziýa üçin ÝB strategiýasy kabul edilendigini belläp, ÝB bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky hyzmatdaşlyk köp ugurlarda ösendigini aýtdy.

ÝB we Merkezi Aziýa üçin bu gatnaşyklary has-da ösdürmek üçin köp mümkinçilik bar. Bular ulag baglanyşyklary, ýaşyl energiýa, söwda, maýa goýumlary, suw üpjünçiligi, bilim, ylym we beýleki birnäçe ugurlary goşmak bolar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri