Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa sebit ykdysady hyzmatdaşlygy (MASYH) Maksatnamasynyň agza ýurtlarynyň onlaýn görnüşinde geçirilen 19-njy ministrler maslahatyna gatnaşdy.
Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýolbaşçylygy tarapyndan baştutanlyk edilýän MASYH-yň Milli utgaşdyryjysy hökmündäki türkmen wekiliýetiniň düzümine Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň, Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň, Merkezi bankyň, Statistika baradaky döwlet komitetiniň hem-de Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň wekilleri girýär.
“COVID pandemiýasynyň soňky şertlerde adamlara niýetlenen sebit hyzmatdaşlygy” atly ministrler maslahatyna ugurdaş halkara hyzmatdaş düzümleriň wekilleri hem çagyryldy.
Forumyň barşynda şu ýyl MASYH-da başlyklyk edýän ýurduň – Owganystan Yslam Respublikasynyň Prezidentiniň ýörite haty, Aziýa ösüş bankynyň prezidentiniň çykyşy hem-de Bütindünýä bankynyň beýannamasy diňlenildi.
Maslahatyň gün tertibine ykdysady durnuklylygy we ösüşi, ilatyň iş bilen üpjünçiligini hem-de iş orunlarynyň döredilmegini dikeltmek, pandemiýadan soňky döwürde MASYH-yň agza ýurtlarynyň makroykdysady mümkinçilikleri ýaly meseleler girizildi.
Wideomaslahata gatnaşyjylaryň garamagyna we tassyklamagyna esasy hasabat resminamalary hökmünde MASYH-yň syýahatçylyk, gender meseleleri babatyndaky baş ugry hem-de bu maksatnamanyň 2030-njy ýyla çenli niýetlenen netijeleriniň matrisasy hödürlenildi.
19-njy ministrler maslahatynyň jemleri boýunça Bilelikdäki beýannama kabul edildi. Onda MASYH Maksatnamasynyň baş ugruny durmuşa geçirmekde öňegidişlikleriň gazanylandygy bellenildi, taraplaryň ýüze çykýan täze meseleleri çözmek hem-de bar bolan ykdysady mümkinçilikleri durmuşa geçirmek maksady bilen, sebit hyzmatdaşlygyna ygrarlylygy tassyklanyldy.
Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!