JEMGYÝET

“Merkezi Aziýa-Russiýa” parlamentara forumynyň hemişelik sekretariaty Aşgabatda dörediler

Maslahat köşgünde Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow milli parlamentiň häzirki döwürde ýerine ýetirýän işleriniň netijelerine, ýurdumyzyň Bitaraplyk derejesine esaslanýan daşary syýasatyna we parlamentara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek boýunça öňde durýan meselelere bagyşlanan mejlisi geçirdi. Oňa Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň hem-de Mejlisiniň ýolbaşçylary we agzalary, birnäçe düzümleriň ýolbaşçylary gatnaşdylar.

Bu gezekki mejlise çagyrylan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowa söz berildi. Bellenilişi ýaly, türkmen diplomatiýasy degişli ugurlar boýunça depginli ösüşe eýe bolýar. Gahryman Arkadagymyzyň yzygiderli tagallasy esasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň ýolbaşçylary we agzalary daşary döwletlere yzygiderli saparlary amala aşyrýarlar, sebit, halkara derejede geçirilýän forumlaryň, maslahatlaryň, duşuşyklaryň çäklerinde Watanymyza mynasyp wekilçilik edýärler.

Türkmenistan halkara parlament guramalary, şol sanda Parlamentara Bileleşik, Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasy, Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Parlamentara Assambleýasy bilen hyzmatdaşlygy işjeň ösdürýär. Şu ýyl Halk Maslahatynyň Başlygynyň başlangyjy esasynda ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde parlamentara hyzmatdaşlygyň täze gurallarynyň işlenip taýýarlanandygyny belläp, wise-premýer, daşary işler ministri paýtagtymyzda geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň we Russiýa Federasiýasynyň birinji Parlamentara forumynyň aýratyn ähmiýetini nygtady. Şunda parlamentara gatnaşyklary hemmetaraplaýyn ösdürmegiň berk binýadynyň döredilendigi bellenildi. Aşgabatda hemişelik esasda hereket edýän meýdança hökmünde forumyň Sekretariatyny döretmek baradaky ylalaşygyň gazanylmagy bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolýandygyny görkezýär.

Häzirki wagtda ýurdumyzda parlamentara hyzmatdaşlygy ösdürmekde goňşy döwletleriň wekilçilikli edaralary bilen gatnaşyklary ýola goýmaga we ösdürmäge uly üns berilýär. Şunda Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýulýan söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösüşiniň hil taýdan täze derejä çykandygy bellenildi.

Medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyk barada aýdylanda, bilim, ylym we medeniýet ugurlary boýunça gatnaşyklaryň işjeň häsiýete eýedigini nygtamaly. Häzirki wagtda Russiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzdan 30 müňe golaý talyp bilim alýar. Türkmenistanyň we Russiýanyň ylmy edaralarynyň arasynda ysnyşykly gatnaşyklar ýola goýuldy we olar häzirki wagtda netijeli ösdürilýär. Munuň özi Türkmenistanyň goňşy ýurtlar bilen netijeli hyzmatdaşlygynyň subutnamalarydyr.

Ýene-de okaň

Tailandyň Patyşasy Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýär

Türkmenistanda täze milli howpsuzlyk ministri wezipä bellendi

Türkmenistanda 2026-njy ýylda 5300-e golaý täze iş orny dörediler

Türkmenistanda 2026-njy ýylda açyljak desgalar

Türkmenistanda ýolbaşçylary wezipe bellemek boýunça kararlar

Türkmenistanda täze ministrlik döredildi we oňa ýolbaşçy bellendi