Koreýa Respublikasynyň Pusan şäherinde «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynynyň 15-nji mejlisiniň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Jiniň arasynda duşuşyk geçirildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, duşuşygyň barşynda ministrler Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn formatda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň oňyn ösüş depgini kanagatlanma bilen bellediler.
Şunuň bilen baglylykda diplomatlar soňky ýyllarda Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlary bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky hemmetaraplaýyn özara gatnaşyklary üstünlikli ösdürmegiň iň täsirli mehanizmleriniň birine öwrülen “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” Hyzmatdaşlyk Forumynyň işine ýokary baha berdiler.
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň bu foruma başlyklyk etmegi kabul edýändigini belläp, Aşgabatda şäherinde 2023-nji ýylda «Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy» Hyzmatdaşlyk forumynynyň 16-njy mejlisine işjeň taýýarlyk görlüp başlanjakdygyny belledi.
Şeýle hem iki ýurduň arasyndaky parlametnara gatnaşyklaryň ähmiýetini bellän Raşid Meredow Türkmenistanyň partlamanetara gatnaşyklaryň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berýändiklerini belläp, şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyrjak ilkinji resmi saparynyň iki ýurduň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda hem partlamanetara hem-de özara hyzmatdaşlyk ugurlarda täze sahypa aşjakdygyny belledi.
Taraplar ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gün tertibiniň meselelerine degip geçip, söwda we ykdysady hyzmatdaşlygyň ugurlaryny giňeltmek we medeni we ynsanperwerlik gatnaşyklaryny has-da çuňlaşdyrmak ugrundaky ygrarlydygyny görkezýän türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň depginli ösüşini bellediler.
