DÜNÝÄ

Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika ministrleriniň ilkinji duşuşygy

Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika ministrleriniň ilkinji duşuşygy Gazagystanyň paýtagty Astana şäherinde geçirildi. Bu duşuşyk Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýewiň başlyklyk etmegine geçirildi.

Oňa gatnaşdylar:

  • Gyrgyzystan – energetika ministri Taalaýbek Ibraýew
  • Tajigistan –energetika we suw serişdeler ministri Juma Daler
  • Özbegistan –energetika ministri Žurabek Mirzamahmudow
  • Türkmenistan – Gazagystandaky ilçisi Batyr Rejepow
  • Azerbaýjan –energetika ministriniň orunbasary Orhan Zeýnalow

Gazagystanyň Energetika ministrliginiň ýolbaşçysy energetika hyzmatdaşlygyny ösdürmekde we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky bar bolan gatnaşyklary pugtalandyrmakda ägirt uly mümkinçiligi belläp geçdi.

Şeýle hem, Gazagystanyň energetika ministri Almasadam Satkaliýew gaz pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri öwrenmegiň möhümdigini bellediler.

Energetika ministri Almasadam Satkaliýew häzirki wagtda Azerbaýjan hem-de Özbegistan bilen “ýaşyl” energetika pudagynda global taslamany durmuşa geçirmäge taýýarlyk görýändiklerini, mundan başga-da, Gyrgyzystanyň we Özbegistanyň gatnaşmagynda Kambarata gidroelektrik stansiýasynyň gurluşygy boýunça gepleşikleriň geçirilýändigini belledi.

Ol şeýle taslamalary gaz pudagynda hem durmuşa geçirmek mümkinçiliklerine garamagy teklip etdi.

Merkezi Aziýa döwletleriniň energetika ministrleriniň ilkinji duşuşygynyň jemleri boýunça bilelikdäki beýanata gol çekilip, onda döwletleriň arasynda ähli möhüm ugurlda netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etdirmegiň wajypdygy bellenildi.

Taraplar Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasynda energetika pudagynda hyzmatdaşlygyň giňeldilmegini goldaýarlar. Munuň özi nebit, gaz we nebit önümleri ýaly adaty energiýa çeşmeleri, şeýle hem gidroelektrik, Gün we ýel energiýasy ýaly gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerinde hyzmatdaşlygy giňeltmegi öz içine alýar.

Şeýle hem, meýilnama laýyklykda sebitde elektrik dolandyryşynyň hilini ýokarlandyrmak üçin “akylly” elektrik torlaryny we elektrik saklaýyş ulgamlaryny ornaşdyrmak boýunça işleri durmuşa geçirmek göz öňünde tutuldy.

Taraplar energetika pudagynda gepleşikleriniň dowam etdirilmegi üçin iş toparyny döretmek hem-de energetika ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň yzygiderli duşuşyklaryny guramak babatda ylalaşdylar.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri