TESWIRLER

Merjen : Gadymy korallion daşy

Merjen daşyna başgaça koral hem diýilýär. Ol gadymy daşlaryň biri hasaplanylýar. Merjen özboluşly gymmatbahaly daşdyr. Bütin dünýäde deňi-taýy bolmadyk bu daş, deňiz polipleriniň ýaşaýyş ukyplylygynyň netijesinde emele gelýär. Polipleriň topary deňiz suwunyň belli bir bölegini özüne siňdirýär. Soňra yzygiderli çökündiler emele gelip, olar koral, ýagny merjen daşyna öwrülýär. Merjen hem agat, dür, ýantar daşlary ýaly janly tebigatdan emele gelýändir. Bu daşyň birnäçe görnüşi bar. Emma zergärler onuň köplenç gyzyl we gara görnüşlerini ulanýarlar. Merjen daşynyň görnüşleri: momo-gülgüne merjen, moro-garamtyl gyzyl merjen, sardiniýa-gyzyl merjen, ýüzünde ak we gyzyl tegmilleri bolan açyk gülgüne merjen, patyşalaryň merjeni hasaplanylýan akkabar-gara reňkli daş, ýuwaş ummanynyň düýbünden alynýan akori-mawy we gök merjen, altyn reňkli Gawaý merjeni, koralyň iň ýönekeý görnüşi bolan ak merjen.

Merjen daşynyň köp bolan böleklerinde suw astyndaky merjen gaýalary we merjen adalary emele gelýär. Bu daş ýylda 1 sm ulalýar. Şonuň üçin gaýalaryň ýa-da adalaryň emele gelmegi üçin ýüzýyllyklar gerek bolýar. Käbir taryhy maglumatlara görä, merjen daşynyň ady grek diliniň „korallion“ sözünden gelip çykypdyr. Bu „deňizleriň ogly“ diýmekligi aňladýar. Başga bir çeşmelere salgylansak, nemes diliniň „koralle“ sözünden gelip çykypdyr diýlen maglumatlara hem duş gelmek bolýar.

Merjen ýyly suwlarda, ýagny tropik ýurtlarda talabalaýyk ösmäge ukyplydyr. Olar berk gurluşly bolandyklary sebäpli, umman akymlarynda we güýçli tolkunlarda hem saklanmaga ukyplydyr. Ultramelewşe şöhleler merjen daşlaryna ýalpaklykda zyýan ýetirip biler. Şeýle-de, merjen daşy gurluşy boýunça agaç we ýelpewaç görnüşli birnäçe görnüşlere bölünýär. Iň uly merjen gaýalary Awstraliýanyň demirgazyk-gündogar kenarýakalarynda ýerleşýär. Ol 2200 km çenli uzaýar. Tebigatda bu daşyň 6000 görnüşine duş gelip bolýar. Olaryň içinde 350 sany reňk utgaşmalary bardyr. Bu daşyň hat-da gara görnüşi hem bolup, ol esasan hem Hytaýda we Hindistanda gazylyp alynýar. Ortaýer deňzinde we Ýaponiýanyň kenarlarynda gyzyl merjenler has meşhurdyr. Taryha ser salanyňda, adamlar 25 müň ýyl mundan ozal hem merjeniň bu görnüşinden ýasalan monjuklary dakynypdyrlar.

Merjen daşyndan köplenç, monjuk ýasalýar. Esasan hem, bu daşyň hakyky görnüşi bolan uçly monjuklara isleg uly. Taryhy maglumatlara ser salanyňda, gadymy grekleriň, gadymy müsürlileriň merjen daşyndan ýasalan şaý-sepleri dakynmagy halandyklary hakyndaky maglumatlara duş gelip bolýar.

Gadymy grek filosofy we tebigaty öwreniji Teofrast merjeni daş bilen ösümligiň aralygyndaky bir barlyk diýip kesgitleýär. Şeýle-de, gadymy rim alymy Pliniý Uly öz „Deňizdäki jandarlar we olardan ýasalýan dermanlyk serişdeleri“ atly kitabynda koral daşynyň peýdaly taraplaryny we ondan ýasalýan derman serişdelerini giňden beýan edipdir.

Rowaýatlara görä, rimliler koralyň ýüze çykmagyny Perseýanyň Meduza Gorgony ýeňşiniň nyşany hökmünde kabul edipdirler. Perseý deňziň üstünden uçup geçeninde elinde ýaralanan guşy saklapdyr we guşuň ýarasyndan daman gan gyzyl merjene öwrülipdir diýlip halk arasynda aýdylýar.

Bu daş zergärçilik sungatynda hem giňden ulanylýar. Merjenden ýasalan monjuklar, bilezikler elmydama zenanlar tarapyndan uly isleg bildirilip dakylýar. Şonuň üçin zergärler bu daşdan şaý-sepleri ýasanlarynda halkyň islegini göz öňünde tutup, sünnälenip işlenilen ajaýyp monjuklary döredýärler. Bu daşdan ýasalan gulakhalkalar we ýüzükler kümşe, altyna oturdylyp, işlenilýär.

Irki döwürlerden bäri merjeni tumar hökmünde hem dakynypdyrlar. Bu daşyň adamyň oýlanyşykly pikirlenmegine, şeýle-de öňdengörüjilik ukybynyň ýokarlanmagyna ýardam berýändigine ynanypdyrlar. Bu ynançlary rowaýatlar bilen hem baglanyşdyrýarlar. Russiýada merjen daşyna ajdarhanyň daşy (drakonit) hem diýlipdir. Başga bir gadymy rowaýatlara görä, merjen daşy bagtyň, bakylygyň nyşany hökmünde kabul edilipdir.

Litoterapewtleriň bellemegine görä, bu daşyň bejerijilik täsirleri hem bardyr. Alymlar bu daşyň käbir görnüşleriniň dem alyş, iýmit siňdiriş organlaryna oňaýly täsir edýändigini belläpdirler. Ýaponiýanyň we Amerikanyň lukmanlary barlag işlerini geçirip, ak merjen daşyny hirurgiýada ulanyp bolýandygyny tassyklapdyrlar. Sebäbi alymlaryň aýtmaklaryna görä, bu daş adam süňki bilen bilelikde ösmäge ukyply hasaplanylýar. Merjen adam organizmi üçin peýdaly daşdyr. Eger-de bu daşdan ýasalan monjugy boýnuňa dakynsaň, kelleagyryň aýrylmagyna, şeýle-de bokurdakdaky dürli sowuklamalardan saplanmagyňa ýardam berýär. Eger-de bu daşdan ýasalan ýüzügi dakynsaň, onda ol gan aýlanyşygyň kadalaşmagyna ýardam berer. Bu daşyň ýene bir täsin aýratynlygy bar, ýagny merjen daşyny dakynan adam ýaramaýan bolsa, onda bu daş solmak bilen bolar. Eger-de bu daşy sagdyn adam dakynsa, onda ol has hem öwüşgin çaýar.

Bu daş syýahatçylaryň daşy hasaplanylýar. Sebäbi irki döwürlerden bäri onuň adamy dürli betbagtçylyklardan gorap saklaýandygyna ynanypdyrlar. Şeýle-de bu daşyň adamyň ýatkeşliginiň gowulanmagyna hem oňyn täsir edýändigi hakynda aýdylýar. Bu daşy arzuwçyl adamlara dakynmak maslahat berilýär. Çünki bu daş olaryň hyýallarynyň özgermegine, döredijilik ukyp-başarnyklarynyň ýüze çykmagyna ýardam berýär.

Merjenden ýasalan şaý-sepleri dakynýan adamyň nerw ulgamy hem rahat bolar. Sebäbi ol ukusyzlygyň, gaharjaňlygyň öňüni almaga ukyplydyr.

Müneçjimleriň aýtmagyna görä, merjen daşy hut ýyldyzy astynda doglan adamlara şowluluk getirer, durmuşynda, işinde üstünlikleriň ýaran bolmagyna ýardam berer. Çünki merjen hutlaryň daşydyr.

 

 

Siz muny bilýärsiňizmi?

*Dür monjugyň düzümi merjen daşynyň düzümine çalymdaşdyr.

*Merjen daşynyň öýjükleri adamyň süňküne kybapdaşdyr. Şonuň üçin bu daşy hirurgiýada hem giňden ulanýarlar.

*Çarlz Darwin öz işinde merjeniň käbir görnüşleriniň adamyň derisine şikes ýetirip bilýändigi hakynda belläp geçýär. Olar hat-da derini ýakyp hem bilýär. Esasan hem, Karib we Gyzyl deňizlerde ösýän merjenler howply hasaplanylýar.

*Merjen daşy adamzadyň bezeg üçin ulanan ilkinji şaý-sepleri hasaplanylýar.  

*Häzirki wagtda merjen daşy Ýaponiýanyň, Taýwanyň, Gonkongyň we Hindistanyň çäklerinde öndürilýär.

Ýene-de okaň

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri

Emeli aň (AI) ýa-da emeli intellekt sebäpli işden çykarmalar başlady