SÖHBETDEŞLIK

Mergen Annamuhammedow: radio – alypbaryjylar üçin iň uly mekdep

Ynsana iň zerur zatlaryň biri hem hünärdir. Ýöne öz hünäriniň ussady bolmak has möhümdir. Ussatlyk bolsa ýadawsyz zähmeti we erjelligi talap edýär. Hünärinde ussatlyga ýeten adamlaryň söhbedini diňlemek hem köpler üçin ýakymly bolsa gerek. Biz hem şu maksatdan ugur alyp, “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalymyzyň “www.atavatan-türkmenistan.com” saýtyna Türkmenistanyň at gazanan artisti Mergen Annamuhammedowy myhmançylyga çagyrdyk.

Mergen halypa  çakylygymyzy kabul edip, wagt aýryp gelendigiňiz üçin size döredijilik toparymyzyň adyndan köp sagbolsun aýdýaryn. Söhbedimize sungat älemindäki ilkinji ädimleriňiz we geçen ýoluňyz barada başlasak ýerlikli bolarmyka diýýärin?!

Elbetde, bolar. Men orta mekdebi şol döwürleriň ilkinji dokuz ýyllygyny tamamladym. Orta mekdebi tamamlanymda men on alty ýaşymdadym. Okuwymy Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde dowam etdim. 2000-nji ýylda, eýýäm ýigrimi  ýaşymda diplomymy aldym. Men ýaşlygymdan hukukçy bolmaga höwes ederdim, hat-da aktýorlyga-da  höwesim bardy. Ýöne ykbalym meni  türkmen dili we edebiýaty fakultetiniň terjimeçilik bölümine getirdi. 1996-njy ýylda, birinji kurs wagtym, ýokary okuwymyzyň çäginde  1-nji ýyl talyplaryň  arasynda  bäsleşik geçirildi.  Ýaryşa taýýarlyk görüp başladyk. Men hem aktýorlyga höwesim bolany üçin, oýun oýnamaly boldum.  Taýýarlyk pursatlarynda, şol çäräni alyp barmak üçin gyz alypbaryjy tapyldy, ýöne oglan alypbaryjy tapylmady.  Guramaçymyz maňa-da “alyp barmagy barlap gör” diýip teklip etdi. Men bolsa ozal hiç wagt synanşyp görmändigimi  aýtdym. “Mergen diňe taýýar teksti okasaň bolýar” diýdiler.  Mikrofonyň öňüne geçip, berlen teksti okadym welin, ýerli-ýerden sesiň gowy diýen öwgüler ýaňlanyp başlady. Garaz men oýun oýnaman, şol çäräni alyp barmaly boldum. Ýöne, mende alypbaryjy bolmaga içimde hiç hili höwesim ýokdy. Emma, bäsleşikde meniň alypbaryşym boýunça hem bir bal ýokary bahany berdiler. Şeýlelik bilen uniwersitetimiziň çägindäki ähli çäreleri alyp barmaklygy  maňa tabşyrdylar. Bu meniň ilkinji tejribelerim boldy. Umumy ýaşaýyş jaýymyzda menden ýokary synpdaky oglanlar  bardy. Olar hem toýlary alyp barmaga gidýärdiler. Bular maňa : “Mergen seniň sesiň hem gowy” diýerdiler. Ol döwürler talyp bolandygymyz üçin gazanç etmegi göz öňünde tutdym. Özümiz hem umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýarys. Oglanlar maňa bir topar goşguly kitaplary berdiler we toý alypbaryjylaryň ýanlary bilen toýlara gitdim. Goşgulary, sözleri ýatlap ugradym. Şeýlelik-de, 1998-nji ýylda talyp ýoldaşymyzp daýysynyň toýuny alypbaryjynyň ýany bilen alyp bardym. Şeýdip, bu ýola ýuwaşlykdan girişip gitdim.

Mergen halypa, sungatyň alypbaryjylyk ýoluna gelişiňiz barada gürrüň berdiňiz. Teleradioýaýlymyna nähili gadam basdyňyz?

Men talyp döwrüm, ilki radio gadam basdym. 1999-njy ýylda türkmen radiosynda, radionyň ýolbaşçylary “ýaş zehinleri ýüze çykarmaly” diýip, talyplaryň arasynda seçgi bäsleşigini yglan etdiler. Ýöne meniň seçgiden öň hem, radioda işlemäge höwesim bardy. Emma radionyň ýolbaşçylary meni boş ýerim ýok diýip, işe kabul etmändiler.  Seçgi bolsa, sesimizi ýazyp, bäsleşik esasynda geçirildi. Şol geçen seçgä 300-400-e golaý talyp gatnaşdy we 3-4 sany talyp saýlandy. Saýlananlaryň içinde men hem bardym. Şeýlelik bilen 4–nji ýyl talyp döwürlerim radioda işläp başlamak miýesser etdi. Türkmenistanyň halk artisti Ogulbagt Çaryýewa meniň ilkinji halypam boldy. Şol döwürler ol türkmen radiosynda işleýärdi. Onuň ýanyna üç aý gatnap, ummasyz köp tejribelik zatlary öwrendik. Ýagny, tekst okamagyň, nirede arakesme bermegiň, nirede äheňi üýtgetmegiň inçe syrlaryny jikme-jik öwrendik. Halypam Ogulbagt Çaryýewanyň ilkinji ädimimize ak pata bermegi bilen hem “Çar tarapdan aýdym-sazly habarlar” gepleşiginde alypbaryjy we redaktor bolup işläp başladym.  Okuwymyň önümçilik tejribesini hem radioda geçdim. 2000-nji ýylda okuwymy tamamlap, ýarym ýyl radioda zähmet çekenimden soňra, harby gulluga gitdim. 2002-nji ýylyň maý aýynyň 25-ine watan öňündäki borjumy birkemsiz berjaý edip geldim. Soňra şol aýyň  27-sine ýene “Watan” radioýaýlymynda täzeden işe başladym. Onuň gapdaly bilen “Altyn asyr Türkmenistan” teleýaýlymynda-da zähmet ýoluma başladym. Teleýaýlymda “Türkmenistan Garaşsyz hem Bitarap” diýen gepleşigi alyp bardym. Men radiony gowy görýärin. Sebäbi radio alypbaryjylar üçin  iň uly mekdep.  Çünki tomaşaça ýetirjek zadyňy teleýaýlymda hereket bilen hem düşündirip bolýar, emma radioda sesiň, äheňiň, dyngy belgileriň bilen, umuman sözleýiş medeniýetindäki şertler bilen ýetirmeli bolýar. Şonuň üçin ullakan iş tejribesini radioda almaly bolýar.  2002-nji ýylyň noýabr aýynda seçgi esasynda “Watan” habarlar gepleşigine alypbaryjy edip aldylar.

Mergen aga, şahyryň şeýleräk setirleri bar:

            “Uly kynçylyga mahsus adamlar,

             Oňa oglanlykdan bolarmyş taýýar…”. Bu setirler size tanyşdyr. Siziň hem gürrüňiňizden çen tutsak, durmuşyň köp kynçylyklary bilen gabatlaşana meňzeýäňiz?!

Elbetde, kynçylyklar durmuşyň mekdebi. Kynçylyklar adamyň arzuwlarynyň, maksadynyň gymmadyny artdyrýar. Mekdep okuwçy döwürlerim sapaklardan soňra, pagta meýdanynda işlederdiler. Sebäbi biziň obamyz pagtaçylyk obasy.  Gyşyna bolsa mal bakardyk. Çagalykdan agyr zähmet bizi taplady. Mart aýynda eýýäm gowaçanyň ýekelemesi başlaýar, soňra otagy dowam edýär. Oňa mekdepden soňra gitmeli bolýardyk.  Garaz, çagalyk döwürlerim zähmet bilen bişişdik. Ýaşyň ulaldygyça durmuş aladalary, kynçylyklary hem artýan ýaly. Öýüm şäherden biraz uzakda ýerleşýärdi. Şonuň üçin ýokary okuwy tamamlap, umumy ýaşaýyş jaýyny tabşyrmadym. Işede şol ýerden gatnadym. Soňra garaşylmadyk pursatda meni, işden gelenimde ol ýerden çykardylar. Ol döwürler yzygiderli gatnaýan awtoulaglar hem ýokdy. Diňe döwlet ulaglary bardy. Ol hem günüň dowamynda üç gezek bardy. Olara hem ýetişmeýärdim. Şeýlelikde gijämi seýilgähde geçirmeli boldum. Soňra şäherde, tä özüme öý tutunýançam kärendesine ýaşamadyk ýerim galmandy.  Ata-babalarymyz: “Öz öýüň bosagasy – jennet” diýipdirler. Men bu pähimiň ýöne ýere döremedigine  anyk göz ýetirdim.

 “Ýylyň – ýyldan parhy bar” diýilýär. Sungat ýolundaky üstünlikli ýyllaryňyz barada gürrüň berseňiz.

Ýyl geçdigiçe bir zada, öňki eden işlerimdäki kemçiliklerime göz ýetirýärin. Eger üstünlikli ýyllarymy ýatlamaly bolsa, 2006-njy ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen “Türkmenistanyň at gazanan artisti“ diýen hormatly at dakyldy.  2008-nji ýylda bolsa, Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany bilen  “Watana bolan söýgüsi üçin” medaly bilen sylaglandym.  Bu ýyllarda men iň bir buýsançly wakalary başdan geçirdim. Hat-da has önjeýli işlän ýyllarym diýsem hem ýalňyşmaryn. Biziň ujypsyzja zähmetimize döwletimiz tarapyndan uly baha berilýär. Sebäbi biz bagtly, bagtyýar döwrüň ýaşaýjylary.

Halypalaryňyz ýanyňyzda bolmasa-da, sözleri häli – häzirlerem her bir işe başlamakaňyz ýadyňyza düşýändir. Halypalaryňyzyň size beren gymmatly maslahatlaryny biz bilen paýlaşyp bilersiňizmi?

Şu ýerde maňa mekdep bolan halypalarym barada hem iki agyz ýatlamak isleýärin. Radioda esasy ýatlasym gelýän halypalaryň biri hem Ogulbagt Çaryýewadyr. Ýatan ýeri ýagty bolsun! Adamçylygy gowy hem diýseň ussat halypady. Bir zat öwretmeli bolsa, birnäçe mysallaryň üsti bilen öwrederdi. Ogulbagt Çaryýewa elmydama:”howlukma, howlugyp okama “ diýýärdi.  Adamyň öz häsiýeti okaýşyna siňýän bolmaly-da. Men durmuşda-da başagaý, howlukmaç adam bolanym üçin, hemişe tekst okanymda howlugyp, çalt okaýardym. “Nirä howlukýaň? Howluksaň büdrärsiň, ýalňyşarsyň“ diýerdi.  Men indi hemişe tekstiň başyna geçenimde Ogulbagt  Çaryýewanyň aýdýan sözlerini ýatlaýaryn. Ikinji nobatda ýene bir ýatlamaly halypam Türkmenistanyň  halk artisti Juma Ýazmyradowdyr. Ol türkmen telewideniýasynda ägirt uly işleri eden adam. Türkmen radiosynda ýüzlerçe radio oýuny goýan halypadyr. Ýagny, türkmen halkynyň ussat ýazyjylarynyň döredijiligini radionyň üsti bilen halka ýetiren ussatdyr. Juma Ýazmyradowyň hemişe aýdýan zady: “Meni diňle, ýöne men boljak bolma” diýýärdi. Bu meň hemişe ýadymda. Sebäbi men halypa meňzäp okan bolsadym, halk meni Mergen diýip tanamazdy. Juma Ýazmyrat boljak bolan bolsam, belki-de häzir öz äheňim hem bolmazdy. Baýram Geldimyradow diýip, diktor halypamyz bardy. Şol halypalar bilen işleşmek uly buýsanç döredýärdi. Şol halypalaryň şägirdi bolandygyma diýseň buýsanýaryn.

Mergen aga, gürrüňiňizden diňleýşimiz ýaly, siz birnäçe ussat halypalaryň mekdebini geçipsiňiz. Siziň özüňiz şägirt taýýarlaýarsyňyzmy?

Heniz biziň özümiz şägirt. Biziň özümiziň öwrenmeli zadymyz köp. Ony hem halkdan öwrenýäris. Sebäbi türkmen toýlarynda şeýle bir dilewar adamlar bar. Toý gutlagy üçin söz berenimde, özi bilmezden täze-täze pikirleri öňe sürýärler. Şolary ýeri gelende ulanaryn diýip, bellikçäme belläp goýýaryn. Ýöne şägirtlerim hem kän. Sebäbi “Bagt köşgünde” alypbaryjylary taýýarlaýan  üç aýlyk okuwlar açyldy. Şol ýerde olaryň ilkinji mugallymy boldum we höwesjeň ýaşlara sapak berdim. Häzir ýöne okadamok, çünki durmuşdaky başga aladalar, maksatlar bilen ýetişemok.

 “Hyýal güýji bilim güýjünden ýokary” diýilýär. Şuňa nähili garaýarsyňyz?

Hyýal güýjiniň täsiri uly bolmagy mümkin. Ýöne hemme zat bu barlygy Ýaradanyň elindemika diýip pikir edýärin. Men diňe nesibe diýip bilerin bu zatlara.

Ynsan näme etmese, ýüregi poslarmyş?

Kitap okamasa adamyň ýüregi poslamak bilen bolýar. Häzirki ýaşlara-da kitap köp okamagy maslahat berýärin. Sebäbi internet ulgamynyň has elýeterli bolup ösmegi esasynda, häzirki ýaşlar kitapdan daşlaşyp barýarlar. Biz çaga wagtymyz bolsa internetiň nämedigini hem bilemzokdyk. Mal bakmaga giden wagtymyz, hökman ýanymyzda çeper eser hem alyp gidýärdik.

Mahmyt Zamahşarynyň eserlerinden bölekleri, rowaýatlary özüňiziň okamagyňyzda internet ulgamynda halka ýetirýärsiňiz. Bu şahsyýetiň sizde goýan täsiri, eserleri barada söhbedimizi dowam etsek. 

Biziň görnükli şahyrlarymyz, ýazyjylarymyz, alymlarymyz bar. Olaryň taryhda goýup giden beýik eserleri bar. Mahmyt Zamahşary  uly şahsyýet. Ol arap grammatikasyny düzen adam. Mahmyt Zamahşary türkmen bolsa-da, araplaryň dilini araplaryň özünden hem gowy bilýän ekeni. Ol şonuň ýaly güýçli hem ussat şahsyýet bolan. Onuň “Ýagşyzadalaryň bahary” atly eserinde durmuşy rowaýatlar, gaty gowy gyzykly maglumatlar jemlenen. Ol eserden öz taýýarlaýan gepleşigimde-de sorag hökmünde bir parça ulanýaryn. Maksadym bu ýerde, ýaşlara geçmişde türkmeniň beýik şahsyýetleriniň bolandygyny ýatlatmak, şolaryň aýdan wagyz-nesihat, edep-terbiýe äheňli rowaýatlarynyň, şygyrlarynyň üsti bilen öwretmek hem terbiýe bermek bolup durýar.

Mergen aga birnäçe mowzukda gepleşikleri taýýarlap, internet ulgamynda öz tomaşaçylaryňyza ýetirýärsiňiz. Şol gepleşikleriň döredijiligi, ssenariýasy dogrusynda söhbedimizi dowam edäýeliň?!

Bu gepleşikleriň ilki pikiri, telewideniýada bir täze, halk üçin gyzykly gepleşikleri  taýýarlamak höwesi bilen döredi. Internet ulgamy hem tüweleme elýeterli boldy. 2007-nji ýylda internet kafeler açyldy, öýlere kabelsiz internet ulgamlary çekildi. Internetiň elýeterli bolmagy bilen ýüregimde beslän gepleşiklerimi, taslamalarymy durmuşa geçirmek isledim. Köp edilen işleri görüp, gyzyklandym. Türkmeniň aňyna mahsus häsiýetli gepleşikler hakynda pikir edip başladym. Gepleşigimiň ilkinji sanynda çyg gaýdan ýerlerim hem boldy. Adam dowamly işläberse kämilleşmek bilen bolýar. Soňraky gepleşiklerde goýberen kemçiliklerim maňa sapak bolýar. Kemçiliklerim esasynda hem köp tejribeleri gazandym. Biziň aramyzda ummasyz köp işleri bitiren meşhur adamlar bar, ýöne biz gadryny bilmeýäris. Aramyzdan gidenden soňra “ussat ekeni” diýýäris. Biziň aramyzda ýaşap ýören zehinli adamlar bilen ýadygärlik ýazgy galdyrmak maksady bilen “Döredijilik söhbeti” atly gepleşigimi taýýarlap başladym. Çünki olar iru-giç aramyzda ýatlanjak adamlar. Gepleşiklerimiň hersiniň öz maksady bar. Aňymda has gowy meýilnamalardyr, taslamalarym bar, ýöne maddy kömek, hemaýatkärlik  gerek.

Bir ýazyjynyň şeýle bir sözi ýadyma düşdi: “Iň köp etmekden gorkýan zadymyz, biziň iň köp etmeli zadymyz”. Bu barada siz nähili pikirde?

Men häzire çenli özüme tankydy göz bilen garaýaryn. Çünki, men alypbaryjylykdan başga hiç bir hünär öwrenmändirin. Maňa telekeçilik bilen hem meşgullanmagy kän maslahat berdiler. Meniň üçin ol garaňky, gorkuly göründi. Sebäbi, meniň söwdadan başarnygym ýok. Umuman telekeçilik meniň üçin garaňky. Belki-de ykbalymda şony etmelidirin, ýöne meni gorky yza tesdi.

Öz muşdaklaryňyza biraz maşgalaňyz barada gürrüň berseňiz.

Maşgala ähi zatdan gymmatly. Meniň hem agzybir, bagtly maşgalam bar. Maşgalamda dört perzendim bar. Üç oglum, bir gyzym bar. Durmuşda-da wagtymyň esasy bölegini perzentlerim bilen geçirmegi gowy görýärin.

Mergen aga siziň pikiriňizçe durmuş hilini nähili gowulandyryp bolar?

Ilkinji nobatda her bir ýagdaýda, halk arasynda isleg bildiriljek hünär öwrenmeli. Meselem, gurluşykçy bolup bilersiň. Tüweleme, niräni görseň gurluşyk dowam edýär. Gurluşykdan başy çykýan adam şu döwürde hor bolmaýar. Ýöne haýsy kärde zähmet çek, işiňe ussatlygyň bolmaly. “Hünärli ýigit hor bolmaz” diýen pähim ýöne ýere dörän däldir.

Psihologlaryň biri “endiklerimiz biziň ömrümize täsir edýär” diýýär. Bu barada siziň pikiriňiz.

Endikler ömrümize täsirini ýetirip biler. Biziň bilmezden edilýän endikler bar hem-de durmuş tejribesi esasynda dörän endikler bar. Ýagny, tebigy berlen häsiýet esasynda dörän endikler we ýaşaýyşyň dowamynda döreden endiklerimiz. Meselem: birmahallar obada ýaşaýan wagtymyz, mekdep okuwçysy döwürlerimizde maşgalamyz bolup nahardan soňra çaý içerdik. Men şekerli çaýy gowy görýärdim. Ondaň häsiýetime ornan endik bardy mende: ilki iki çaý çemçesi şekeri käsäme guýýaryn we çäýnegi galdyryp çaý guýamda ýa çaý gutarandyr, ýa-da ýarym käsäde ýetenokdyr. Şu ýagdaý gaty köp gaýtalanýardy. Sebäbi maşgalamyz uly bolany üçin, çaý derrewjik gutarýardy. Bilýäňizmi, şondan soňra nämä endik etdim?! Birinjiden şekerli çaý içmegimi goýdum. Eger bardy-geldi şekerli çaý içäýemde-de ilki çäýnekde çaý barmy, ýokmy hökman barlaýaryn. Bu meniň durmuş tejribelerimiň biri boldy. Bir zat etjek bolanyňda onuň soňunyň nähili tamamlanjakdygyny hem nazara almaly ekeni. Mysal üçin: şol iş ahyryna çenli dowam etjekmi? Ähli zady nazarda tutup, soňra herekete geçmeli.

Haýsy ýurtlara gidip syýahat edip gördüňiz? Sizde  haýsy ýurtlar täsir galdyrdy?

Ýaňy işe gadam basan wagtlarym daşary ýurtlara gidip, syýahat etmäge maddy mümkinçiligim şert döretmeýärdi. Şeýlelik-de 2007-nji ýylda ýagdaýlarymyz gowulaşyp başlady. 2008-nji Türkiýe Respublikasynda Türkmenistanyň medeniýet günleri geçirildi. Medeniýet işgärleriniň arasynda maňa-da Türkiýäniň Stambul şäherinde dokuz günläp döredijilik saparynda bolmak miýesser etdi.  Bu meniň ilkinji ýurt daşyna çykyşym boldy. Ol wagt ýigrimi sekiz ýaşymdadym. Bu döredijilik sapary meni gaty haýrana goýdy. Sebäbi görüp öwreneýin diýeňde internet ulgamy hem ösen däldi. Adam syýahat etse, gözýetimi giň bolýar. Umuman, Türkiýe Respublikasy mende has uly täsir galdyrdy. Çünki myhmansöýer hem syýahatçylygyň has ösen ýurdy ekeni. Ýurt  esasy syýahatçylygyň üsti bilen eklenýär.  Ol ýerde hyzmatlaryň iň uly görnüşleri bar. Soňra Tailanda, Germaniýa, Awstriýa Respublikasyna döwlet saparlary bilen gitmek miýesser etdi.  Tailanda iş sapary bilen ýagny, söwda etmek üçin haryt almaga gidýärdim. Söwda etmek şeýle kyn ekeni. Ýöne daşary ýurt saparlarymdan Türkiýe mende has uly täsir galdyrdy. Häli – häzirlerem küýseýän,  gidesim gelýär.

Sesi türgenleşik esasynda ýognaldyp bolýarmy?

Ses tebigy berilmeli. Türgenleşik esasynda sesi ýognaldybam, inçeldibem bolanok.  Diňe keselçilik esasynda ýognalyp ýa inçelip biler. Adamyň beden agzalarynyň içinde iň giç garraýany hem ses baglaýjylary.  Alypbaryja ýogun ses hökman däl, esasy sesi owadan, gulaga ýakymly bolmaly. Ikinjiden hem şol sesi ulanyp bilmegi üçin zehini bolmaly.

Söhbedimiziň şu ýerinde, kalbyňyzda galan bir wakany paýlaşyp bilersiňizmi?

Ilki toýa diktor bolup çykyp başlan wagtym, şol döwürleriň meşhur aýdymçylary bardy. Şolar bilen gabatlaşyp  “gaýrat ediň, ynha meniň belgim, toý gürleşmäge gelenlerinde meni hem alyp gidäý” diýýärdim. Olaryň hem köpüsi boýnuna  almandy. Bir aýdymça belgimi beripdim, ol wagtlar toýlar gapyda bolardy.  Toý ahyrlap gelýärkä gördüm. Ýaňky beren ýazgym ýerde ýatyr. Zyňyp goýberipdir. Aý, ýyllar dolanyp şolaryň özleri maňa jaň edip, “Toý bolsa aýdyň, biz hem hyzmatda” diýdiler. Seniň hyzmat bilen ýüz tutan adamlaryň, soňra günleriň bir güni seniň gapyňy kakýan ekenler. Diýjek bolýanym, şowsuzlyk üçin ruhdan düşmeli däl ekeni.

Biziň “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalymyzyň “www.atavatan– türkmenistan.com” internet saýtynyň üsti bilen muşdaklaryňyza, ýaşlara  aýtmak  isleýän zadyňyz bolsa, baş üstüne!

Her bir adamyň ganynda üstünlige, şowlulyga bolan isleg bar. Türkmen halkynda “hereket senden, bereket menden” diýen pähim bar. Şonuň üçin elmydama hereket etmeli. Meni haýrana goýýan söz bar. Gadymy Gresiýada  süýji sözlüligiň, dilewarlygyň, suhangöýliligiň ýokary mekdebi bolan bir adam bar. Ol Demosfen ady bilen tanalýar. Bu adamyň ady wenger şahyrynyň setirlerinde hem getirilýär. Ol goşguny Kerim Gurbannepesow türkmen diline terjime edýär:

Erkek erkek deý bolgun,

Kowalaşma boş söze.

Ähli Demosfenlerden,

Ýegdir birje iş bize.

Gur sen, ur sen, pytrat sen,

Duşmanyňy utup git.

Ähli işiň bitirde,

Tüweleý deý ýitip git.

Ýagny, bu setirlerde boş dilewarlykdan, ýekeje iş bitireniň ýagşydyr. Demosfen kim bolupdyr? Ol aratorlyga, suhangöýlige uly höwesi, zehini bolupdyr. Emma dili peltek bolupdyr. Ol dili peltekligine garamazdan, nädip meşhurlyga eýe bolýar?! Gije – gündiz agzyna kiçijik daşlary alyp, türgenleşik geçýän ekeni. Agzyny çägeden dolduryp, gürleýän ekeni. Ýagny, diliň artikkulasiýasyny işlemegiň ýörite maşklary bar. Şol maşklary edýän ekeni. Agzyna çagyl guýup, çagylly gezýän ekeni. Yhlas edip, yzygiderli türgenleşip, ahyrynda dili peltekligini aýyrýar.  Soňra suhangöýlik sungatynda uly derejä ýetýär. Şol adam suhangöýligiň mekdebi bolup durýar. Şahyrlaryň goşgularynda-da dilewarlygyň simwoly hökmünde şonuň adyny getirýärler. Sözümiň soňunda-da ähli türkmen halkymyza, okuwçylara, talyplara, işgärlere “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyndan salam ýollaýaryn. Her ojakda jan-saglyk, agzybirlik, döwlet hem bagtyýarlyk bolsun! Toý bolsun! Şol toýlarda-da hyzmat etmeklik nesip etsin. Hormatly Arkadagymyzyň jany sag, başy dik bolsun!

Sagboluň! Arzuwlaryňyz hasyl bolsun! Asylly käriňizde üstünlik, abraý hemra bolsun!

 Şahsy maglumatlary:

Doglan senesi: 1980-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bereket obasynda eneden doguldy.

Maşgalada bäş dogan. Dört ogul, bir gyz. Ikinji perzent.

Bilim alan ýerleri: Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bereket obasynyň 10-njy orta mekdebiniň uçurymy, Magtymguly adyndaky TDU-nyň uçurymy.

                                                                              Söhbetdeşligi  taýýarlan:

                                                                               Miwe Jumadurdyýewa,  

                                                                      “Miras” teleýaýlymynyň redaktory.

 

Çaryguly Hommadow: “Ependi aga” bilen söhbetdeşlik

 

Ýene-de okaň

CZN Burak: türkmen halkynyň goldawy meniň üçin uly bagt

Emeli Intellekt: Magtymguly Pyragy Garward, Oksford, Kembrij derejesinde bilim alypdyr

Ata Watan Eserleri

Aly Agamyradow: Fransiýa, woleýbol we çempionlyk – aýratyn duýgular

Ruslan Mingazow: Messi bilen söhbetdeş bolmak aýratyn duýgy

 Babajan Rozyýew: Aýdymym – ruhy dünýämiň beýany

Jemile ŞASAPAROWA: Kalbymyň namasy aýdym-sazymda