Paýtagtymyzdaky «Türkmenistan» kinokonsert merkezinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 3-5-nji synplarynda okaýan okuwçy oglanlaryň arasynda yglan edilen «Merdana nesil – 2022» atly şadyýan bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi.
Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen bilelikde guramagynda geçirilen bu bäsleşigiň jemleýji tapgyry uly ruhubelentlige beslendi. Oňa welaýat we Aşgabat şäher tapgyrynda 1-nji, 2-nji orunlary eýelän oglanjyklar gatnaşdy.
Bäsleşik üç şert boýunça geçirildi. Onuň birinji şertinde eziz Watanymyza, merdana türkmen halkymyza bolan söýgini, ata-babalarymyzyň gahrymançylykly, asylly ýol-ýörelgelerine belent sarpany, bagtyýar döwrümizi, özleriniň ýürek buýsançlaryny çeper sözleriň üsti bilen beýan etdiler. Çagalar bäsleşigiň ikinji şerti boýunça ýekelikde şorta söz ýerine ýetirdiler. Üçünji şertde bolsa hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda amala aşyrylýan uly ösüşleri, dost-doganlygy, bagtyýar çagalygy wasp edýän aýdym-sazly çykyşlary ýerine ýetirdiler.
«Merdana nesil – 2022» bäsleşiginiň şertlerine laýyklykda, eminleriň ýokary bahasyna mynasyp bolan zehinli çagalar –
- Mary welaýatynyň Mary şäherindäki 24-nji zehinli ýaşlar mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy Kakageldi Maksatgeldiýew baş baýraga,
- Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Meýlis Atamyradow 1-nji orna,
- Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 141-nji orta mekdebiň 3-nji synp okuwçysy Döwletmyrat Döwletow 2-nji orna,
- Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň Akdaş şäherçesindäki 18-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Baýramgeldi Orazgylyjow hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabyndaky 30-njy orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Kemal Amangeldiýew 3-nji orna mynasyp boldular.
Ýeňijilere Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň adyndan Hormat hatlar hem-de sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşan beýleki okuwçylar hem Hormat hatlar we ýadygärlik sowgatlary bilen sylaglanyldy.
