SIZDEN GELENLER

Mendeleýewiň tablisasyndaky elementleri 173-e getirmek isleýärler

Mendeleýewiň tablisasyndaky iň soňky element häzirki wagtda 118-nji nomerde. Fizikleriň we himikleriň hasaplamalary biziň 173 sany elementi döredip biljekdigimizi anyk görkezýär. Olary nädip almak hakynda Dubna şäherinde geçirilen «Adatdan daşary agyr elementler» atly halkara duşuşykda gürrüň edildi.

Ara alyp maslahatlaşmalara Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň prezidenti Aleksandr Sergeýew we akademiýanyň agyr ionlaryň fizikasy boýunça geňeşiniň agzalary gatnaşdylar. Duşuşyk Dubna şäherinde geçirilýär, çünki hut şu ýerde, Birleşen ýadro barlaglary institutynyň Ýadro täsirleşmeleri barlaghanasynda dünýäde ilkinji gezek 118 nomerli jemleýji element, şol sanda elementleriň ýene bäşisi sintez edildi. Ýeri gelende bellesek, 118 nomerli element Ýadro täsirleşmeleri barlaghanasynyň ylmy ýolbaşçysy, akademik Ýuriý Oganesýanyň hormatyna «ogeneson» diýip atlandyryldy. Onuň topary 113-den 118-e çenli adatdan daşary agyr himiki elementleriň ähli 6-syny döretdi. Dünýä belli sowet we rus alymy, akademik Ýuriý Oganesýan häzir 88 ýaşynda.
Adamzat beýik alymlaryň kömegi bilen baryp geçen asyryň başlarynda himiki elementleri diňe tebigatdan tapyp bolman, eýsem, olary emeli ýol bilen döredip bolýandygy hakynda netijä geldi. Mendeleýewiň tablisasynda 43-nji nomerde duran tehnesiý elementi ilkinji «emeli» element boldy. Ony 1937-nji ýylda sintezlediler, soňlugy bilen bolsa örän ujypsyz mukdarda tebigatda ýüze çykardylar.
95-den 118-e çenli nomerde ýerleşen adatdan daşary agyr elementler tebigatda duş gelmeýär, olar hatda barlaghanalaryň diwarlarynda-da sanaýmalyja sekunt ýaşaýarlar. Örän agyr ýadrolary sebäpli, beýle elementleriň ömri örän gysga. Olarda, takmynan, 300 sany proton we neýtron jebis ýerleşýär. Şunlukda, adatdan daşary agyr elementleriň ählisi radioişjeň elementlerdir. Olaryň tebigatda duş gelmeýändigi hem şunuň bilen baglydyr. Olar bardy-geldi tebigy şertlerde bir ýerlerde peýda bolaýsa-da, adamzat olary «tutup» bilmez.
Adatdan daşary agyr elementleriň sintezini Tebigatyň gudraty hasaplap bolar. Şu adatdan daşary wezipä örän täsin ýagdaýda adamyň güýji, onuň pikirleridir tehnologiýalar erk edip bilýär. Agyr elementleri döredijiler, elbetde, ýadroda protondyr neýtronlary iň aňrybaş derejede näçe sanda birleşdirip we elektronlar bilen gurşap boljakdygy barada-da pikir etdiler.
4 ýyl mundan ozal täze zelandiýaly we amerikan fizikleri oganeson bilen Mendeleýewiň tablisasyndaky elementleriň tamamlandygyny, 119 we 120 nomerli elementleriň indi bolup bilmejekdigini aýtdylar. Ýöne fransuz, şwed, polýak, fin hünärmenleriniň has soňraky hasaplamalary bu element bilen tablisanyň gutarmaýandygyny görkezdi. Mendeleýewiň tablisasynyň soňky elementiniň nomeri — 173!
Onuň üçin, elbetde, entek ýol geçmek gerek, ýöne dubnaly fiziklere olaryň döretmegiň tehnologiýasy eýýäm düşnükli. 118-den ýokary elementleriň sintezi üçin Birleşen ýadro barlaglary institutynda golaýda «Adatdan daşary agyr elementleriň fabrigini» gurdular. Ol ýerde şu ýylyň güýzünde 119 we 120 nomerli himiki elementleriň sintezine başlamagy meýilleşdirýärler.
Adatdan daşary agyr elementler boşlukdan, ýagny wakuumdan bölekleri almakda täsin gural bolup biler. Bu meşhur pikiri Dubnadaky NICA kollaýderinde durmuşa geçirmegi akademik Ýuriý Oganesýan teklip etdi. Kollaýder häzir Dubnada gurulýar we ol ýene iki ýyldan işe giriziler.

     

 Mülkiýew Guwanç, 

 S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
unwersitetiniň mugallymy

Türkmenistan Özbegistandaky halkara maslahata gatnaşar

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty