BILIM

Mekdep bazarlarynda söwdalar gyzyşýar

Şu günler ýurdumyzyň obadyr şäherlerindäki söwda nokatlarynda 2025-2026-njy okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde guralan mekdep bazarlarynyň işi barha gyzyşýar. Olarda okuwçylara niýetlenen egin-eşikler, dürli okuw esbaplarydyr beýleki gerekli serişdeleriň köp görnüşleri alyjylara hödürlenilýär.

1-nji awgustdan başlap ýaýbaňlandyrylan mekdep bazarlarynda ilata hödürlenilýän önümleriň köpüsi ýerli harytlardyr. Milli däplere we dünýä ülňülerine laýyklykda taýýarlanylan ýokary hilli önümler elýeterli bahadan ilata ýetirilýär. Neşir önümleriniň bezegi alym-mugallymlaryň we psihologlaryň ylmy hödürnamalary nazara alnyp, okuwçylaryň ýaş aýratynlyklaryna, şeýle hem ýurdumyzyň bilim syýasatynyň talaplaryna laýyklykda işlenip taýýarlanandyr. Şeýle harytlaryň hatarynda depderleri, gündelikleri, surat çekmek we çyzuw üçin albomlardyr esbaplary, okuw torbalaryny, galamlary görkezmek bolar.

Okuw esbaplarynyň söwdasy üçin paýtagtymyzyň bazarlarynda we söwda merkezlerinde ýörite nokatlar döredildi. Olardaky haryt bolçulygy ýurdumyzyň abadançylygyny, ýaş nesiller üçin ähli mümkinçilikleriň döredilýändigini alamatlandyrýar. «Gülüstan» döwlet söwda merkezinde döredilen mekdep bazaryndan diňe bir okuwçylar we olaryň ene-atalary däl, eýsem, şu günlerde talyp bolmak bagty nesip eden ýaşlar hem sabyrsyzlyk bilen garaşylýan täze okuw ýyly üçin zerur harytlaryny satyn alýarlar.

Söwda merkezlerinde döredilen mekdep bazarlary bilen bir hatarda, ýurdumyzyň onlaýn dükanlary hem okuwçylar we talyplar üçin okuw harytlarynyň söwdasyny amala aşyrýarlar. Mekdep harytlaryna ýöriteleşen «Galam», «Globus», «Okuwçy», «Kitap market» ýaly dükanlar bolsa möhüm möwsümde has-da amatly teklipleri hödürleýärler.

Ýene-de okaň

ABŞ-nyň Ilçihanasy gyşky “EnglishPalooza” dil okuwyna bellige alşy başlady

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň uniwersitetleri “UI Green Metric 2025” reýtinginde

Ata Watan Eserleri

Dünýäniň iň durnukly 10 uniwersiteti yglan edildi: “UC Davis” 7-nji orunda

Pakistan — Türkmenistan: bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek babatda başlangyçlar

Pars dili kurslarynyň gyşky möwsümi üçin ýazylyşyk

Iňlis dilini öwrenmek isleýänler üçin ygtybarly çeşme: Makul Sözlük

Dr.Döwran Orazgylyjov