Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ösüp gelýän ýaş nesli döwrebap we hemmetaraplaýyn ösen edip ýetişdirmek maksady bilen ýurdumyzda meýilnamalaýyn işleri alnyp barylýar. Mekdebe çenli bilim edaralarynda ene-atalar bilen geçirilýän çäreleri guramakda pedagogik esaslara daýanylýar. Biziň ýurdumyzda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işi ylmyň häzirki döwre çenli ýeten derejeleri we şu güne çenli edilen ägirt uly işler, şeýle-de döwlet resminamalarynyň esasynda amala aşyrylýar. Bu babatda, esasan, Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 1-nji martynda çykaran 1158-nji karary bilen Döwlet mekdebe çenli çagalar edaralary hakynda Düzgünnama; Mekdebe çenli bilim we terbiýe Döwlet standarty – 2021ý.; Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 22-nji maýynda kabul edilen 1768-nji karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň Maksatnamasy”, “Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy” (15.09.2017ý.), “Türkmenistanda okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasy” (25.02.2024ý.), Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasy çagalar baglarynda bilim-terbiýe bermegiň ylmy esaslar hökmünde çykyş edýärler.
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2020-nji ýylyň 22-nji maýynda çykaran 1768-nji karary bilen tassyklanan “Türkmenistanda çaganyň irki ösüşini we mekdebe taýýarlygyny ösdürmek babatda 2020-2025-nji ýyllarda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň işini kämilleşdirmegiň maksatnamasynyň” tassyklanmagy ýurdumyzyň çagalar baglarynda alnyp barylýan ylmy taýdan esaslandyrylan işleriň durmuşa ornaşdyrylmagy netijeli sepgtileri nazarlaýar. Maksatnamanyň V babynda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maşgala we mekdep bilen bilelikdäki işi barada beýan edilýär. Onda ady tutulan jemgyýetçilik institutlarynyň çagany terbiýelemegiň we okatmagyň üznüksizligini üpjün edýändigi, olaryň bir-biri bilen baglanyşyklydygy barada aýdylýar. Bu resminamada “Maksatnama laýyklykda mekdebe çenli çagalar edaralarynyň maşgala bilen bilelikdäki işiniň esasy mazmuny çaganyň irki ýaşdan başlap hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösüşini üpjün etmekde we ony mekdebe taýýarlamakda maşgala usuly ýardam bermek, şeýle-de bu babatda ata-eneleriň endiklerini kämilleşdirmek ugrunda işleri geçirmek bolup durýar” – diýip bellenýär. Şeýlelik bilen, ene-atalar bilen alnyp barylmaly deslapky işleriň gerimini giňeltmek zerurlygy ýüze çykýar. Bu Maksatnama esasynda çagalar baglarynda geçirilýän işler pedagogik esaslardan ugur alýar we okuw dersleriniň iş meýilnamalary innowasion tehnologiýalar arkaly durmuşa geçirilýär. Mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylmaly işleriň talaba laýyk bolmagy üçin institutymyzyň professor-mugallymlary tarapyndan ylmy-amaly konferensiýalarda çykyşlar edilýär, sergiler guralýar, ylmy-usuly, okuw-usuly kitaplar, monografiýalar, makalalar ýazylýar, çap edilýär, internede goýulýar, usuly-tejribeler geçirilýär. Şol sanda ene-atalar bilen hem meýilnamalaýyn işler ýola goýlandyr. Olar: ene-atalar ýygnaklary, ene-atalar bilen bilelikde geçirilýän çäreler – baýramçylyklar, sergiler, göwnaçmalar, ýowarlardyr. Ady tutulan işleriň geçirilişinde çagalaryň ösüşi, bilim-terbiýe almagy we olaryň mekdebe taýýarlygy esasy mesele bolup çykyş edýär. Çaganyň mekdebe näderejede taýýarlygy onuň sözleýiş başarnygy bilen berk baglanyşykly bolýar. Çünki psihiki prosesler, hususan-da, pikirlenmek işi sözleýiş bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr.
Häzirki döwürde çagalaryň hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösmegi üçin ähli şertler döredilen: öýjükli telefon, planşet, olara oturdylan ýa-da internet arkaly elýeter bolan interaktiw we ösdüriji oýunlar. Muňa garamazdan, ene-atalaram, çagalar baglarynyň terbiýeçilerem çagalaryň örän giç dil açýandygy barada aýdýarlar. Ondan başga-da, käbir çagalaryň sözleýşi dürli kemçilikler bilen çylşyrymlaşan bolýandygy barada belleýärler. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Älem içre at gezer” atly eserinde: “Ogly dil açyp, jedirdäp ugrandan Anna aga oňa her hili sözleri, san sanamagy öwredip başlady. Käteler Anna aga gözjagazyny gyrpman, jikgerilip diňläp oturan Berdimuhamede iki-üç ýaşly çaganyň-a däl, eýsem on dört-on bäş ýaşly ýigdekçäniň düşünmejek, akyl ýetirip bilmejek zatlaryny hem aýdardy. Goý, şu wagtdan çaganyň gulagy gansyn!” – diýen setirler bar. Ýaş ene-atalara häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda pedagogik esaslara daýanmak bilen birnäçe deslapky usuly kömekleri bermegi makul bilýäris. Olar barada giňişleýin durup geçeliň.
Kompýuter tehnologiýalary, bir tarapdan, bilim-terbiýe bermegiň sakasynda duran hem bolsa, beýleki bir tarapdan, çagalaryň jan-saglygyna-da, bilim-terbiýe almagyna-da päsgel berýär. Döwür bu meseläniň, mümkin boldugyndan, oňyn çözülmegini talap edýär. Ata-babalarymyz “Edebi başdan, çagany ýaşdan” diýmänmidi?! Islendik meseläniň döremezligi üçin deslapky, ýagny, öňüni alyş, çärelerini geçirmek wajypdyr. Onuň üçin nazary-amaly, usuly-tejribe bilimleri maksatly toparyň (ýaş ene-atalaryň) gorunda bolmalydyr. Ene-atalary degişli edebiýatlar bilen yzygider tanyşdyrmagyň pedagogik-psihologik ähmiýeti uludyr. Ene-ata has kiçi ýaşyndan çagany durmuşa “girizýär”.
Çagalaryň saglygyna gözegçilik etmek wajypdyr. Onuň dem alyş ýollarynda, aşgazanynda, ýürek-damarlarynda, oňurga gurluşynda dürli keselleriň ýüze çykýandygy sebäpli oňa sport bilen meşgullanmaklyga rugsat berilmedik ýagdaýlar hem bolup biler. Bu ýagdaýda beden terbiýesi bilen ýerlikli meşgullanmagyň oňat netijeleri berýändigi barada aýdyp, ony maslahat bermek bolar. Çaganyň bilim-terbiýäni talaba laýyk almagy we sözleýiş diliniň kadaly ösmegi üçin onuň bilen hemişe aragatnaşykda bolup, akylly-başly sözleşmelidir. Sözleriň dogry aýdylmagyny talap etmek, soraglara doly jogap bermegi ündemek ene-atalar tarapyndan düzgün-nyzama öwrülmelidir. Pedagog-psihologlar çagalar bilen olaryň dünýä inen gününden başlap hökman gepleşmekligi maslahat berýärler. Netijede, çaga öz ýakynlarynyň seslerini tanamagy öwrenýär, olara ýüzlenilýändigine akyl ýetirýär, olaryň aýdýan zatlarynyň manysyna düşünip başlaýar. Ejesiniň sesini eşidende çaga ýylgyrýar, çünki ol ene mährini enäniň sesinde, sözlerinde duýýar. Çaganyň sözleýşiniň öz wagtynda talaba laýyk kemala gelmegi onuň, soňlugy bilen, mekdepde oňat okamagynyň, hem-de jemgyýetde oňat ornaşmaklygynyň, öz mynasyp ornuny tapmaklygyň esasy şertidir.
Her bir çaga suratlara, oýnawaçlara syn etmegi halaýar. Bu ýerde ene-atalar çaga bilen bilelikde olar barada gürrüňleşmek, sorag-jogap alyşmak ýa-da özi gürrüň berip, yzyndan gaýtalatmak maslahat berilýär. Geçirilen tejribeler çagalaryň özbaşdak gürrüň bermek ukybynyň kynlyk bilen kemala gelýändigini subut etdi. Berlen soraga doly jogap bermek, surat boýunça ýa-da belli bir tekstiň mazmuny boýunça gürrüň bermek, erkin tema boýunça döredijilikli gürrüň düzmek, öz pikirini beýan etmek işi çaga üçin kyn bolýar. Onuň esasy sebäpleri çaganyň söz gorunyň pesliginde we ýeterlik däldigindedir. Şeýle görnüşli kemçilikleriň öňüni almakda çagalara kiçi we ýönekeý mazmunly gysgajyk hekaýalary, ertekileri okap berip ýa-da gürrüň berip, soňra olara şol mazmuny özbaşdak beýan etmekligi hödürlemek maslahat berilýär. Ondan başga-da, çagalara liriki žanrdaky halk döredijilik eserlerini, ýagny sanawaçlary, ýaňyltmaçlary, läleleri, hüwdüleri, monjugatdylary, küştdepdileri, matallary we sanawaçlary ýat tutdurmak maslahat berilýär. Olaryň yzygider gaýtalanyp durulmagy çagalaryň ýatkeşligini, ünsüni-de ösdürýär, söz goruny baýlaşdyrýar, sözleýiş sesleriniň dürs aýdylmagyna getirýär. Çagalara sözleýiş sesleriniň dürs aýdylyşyny, olary tapawutlandyrmagy-da öwretmek zerurdyr. Ertekileridir hekaýalary tä çaga olary özbaşdak gürrüň bermegi başarýança birnäçe gezek okap bermek maksada laýykdyr. Çaganyň özbaşdak okamak ukyby kemala gelenden soň olaryň özbaşdak işini dolandyrmagyň zerurlygyny ünsden düşürmeli däldir. Olardan okan zatlary barada gürrüň bermegini soramaly, gürrüňi diňlemeli we munuň gyzyklydygy barada aýtmaly. Şol mazmun esasda sorag-jogap alyşmak, çaganyň bu barada öz pikirini diňlemek hem peýdalydyr. Şonda çaga ulularyň goldawundan hoşal bolup, şeýle görnüşli ýumuşlary uly höwes bilen ýerine ýetirýär.
Mälim boluşy ýaly, çagalar bilen el-barmak hereketlerini yzygider geçirmeklik, olaryň sözleýiş ukyplarynyň sazlaşykly kemala gelmegine ýardam berýär. Bu maglumatlardan ene-atalar habarly bolmalydyr we çaga bilen degişli çemeleşmeler terbiýeçiniň ugrukdyrmagynda ýerine ýetirilmelidir. Şol sebäpden çagalaryň ünsüni dürli ululykdaky kubiklere, mozaika, gurnaklara we ş.m. serişdelere (aşyklar, daşlar, monjuklar, ilikdir düwmeler), oýnawaçlara çekmelidir. Çaga has ýaş bolsa ownuk göwrümli serişdeleri, hödürlemek maslahat berilmeýär. Birinjiden, çaganyň saglygyny goramak maksady bilen, ikinjiden, uly göwrümli oýnawajy çaga ellerinde ynamly saklaýar.
Häzirki döwürde oýnawaçlaryň dürli görnüşleri halk köpçüligine hödürlenýär. Ene-atalar olary öz çagalaryna uly höwes bilen alyp berýärler. Olaryň arasynda çaga saglygy üçin zyýanlylary-da (ysy, reňki, nämeden we nähili ýasalandygy, görnüşi, daşky keşbi), ýa-da onuň ýaş aýratynlygyna laýyk bolmaýanlaram bar. Şeýle ýagdaýyň döremezligi barada ene-atalar aladalanmalydyr, öz çagalaryna oýnawaç saýlamakda sowatly gözükdirmelerden, terbiýeçileriň görkezmelerinden, tejribeli ene-atalaryň tekliplerinden peýdalanmalydyr. Hödürlenýän oýnawaçlaryň düşündiriş hatlaryny ünsli okap görüp, soňra oýnawajy çagalara hödürlemelidir. Ondan başga-da, ulular çagalar bilen bilelikde fantaziýanam goşup bilerler. Elde ýasalýan oýnawaçlary çagalaryň özem ýasap biler. Olara özbaşdak meşgullanmagy öwretmek hem wajypdyr. Kagyzdan eplenip ýasalan uçarlar, gämiler çaganyň ünsüni özüne çekip biler (origami-kagyzdan epläp şekil ýasamak). Kagyz bölejiklerini ýelimläp şekil ýasamak hem çagalar üçin örän gyzyklydyr (papýe-maşe). Oýnawaçlary ýasamagyň bu görnüşleri gaýçysyz ýerine ýetirilýändigi sebäpli çagalaryň saglygy üçin howpsuz hasaplanýar. Bularyň ählisi çagalaryň ýaş aýratynlyklaryna-da baglydyr. Ulular oýnawaç ýasamagyň bu görnüşlerini çagalara oňat düşündirip, ýasap görkezmelidir. Çagalaryň ýatkeşligi, bilesigelijiligi ösen bolany üçin, olar oýnawaçlary özbaşdak ýasamaga höwes bildirýärler.
Çagalaryň ownuk motorikasyny kämilleşdirmekde el-barmak hereketleri üçin niýetlenen ýörite maşklaryň ähmiýeti uludyr. El-barmaklary büküp, towşanyň gulaklarynyň, äýnegiň, guşuň, kebelegiň, gäminiň, höwürtgäniň şekilini ýerine ýetirip bolar. Ondan başga-da, el-barmaklar üçin ýörite maşklar ulgamy hem düzülendir. Meselem: 1) barmaklaryň ujuny owkalamak (sag el bilen çep eliň, çep el bilen sag eliň); 2) barmaklary çekişdirmek (sag el bilen çep eliň, çep el bilen sag eliň); 3) ýumruklary bir bada we gezekleşdirip düwmek; penjeleri açyp stola goýmak we götermek; 4) barmaklary birleşdirmek we açmak. Şeýle-de, el-barmak maşklaryny gurallar bilen hem ýerine ýetirip bolar. Meselem: 1) galamy iki penjäniň arasynda goýup aýlamak; 2) galamy barmaklaryň arasyndan geçirmek; 3) topjagazy elleriň aýasynda aýlamak; 4) topjagazy bir elden beýleki ele oklamak we ş. m. Soňra şol galamlar bilen çaga surat hem çekip biler. Şeýle görnüşli el-barmak maşklary ýerine ýetirende ýumuşlary çylşyrymlaşdyryp hem bolar: galamlaryň görnüşini, uzynlygyny, reňkini saýlatmak; topjagazlaryň ululygyny, reňkini, nämeden ýasalandygyny saýlatmak we ş. m.
Çagalara surat çekdirmekde, ilki bilen, nokat goýmagy, çyzyk çyzmagy, geometriki şekilleriň dürli görnüşlerini çekmegi hödürlemek bolar. Şonda şekilleriň adyny, reňkini, ululygyny, nämä meňzeşligini aýtdyrmak peýdalydyr. Ulurak çagalar öz halan zadyny çekip biler we ol boýunça gürrüň bermegi öwretmek maksada laýykdyr. Işiň bu görnüşi çagalaryň döredijilikli göz öňüne getirmesini, ýatkeşligini kämilleşdirýär. Çagalaryň sözlemek ukyplarynyň gijikmegi sözleýiş ulgamynyň ösüşinde kemçilikleriň bolmagy bilen baglanyşykly bolup bilýändigini hem ene-atalar bilmelidir. Ona sözleýiş agzalarynyň: diliň, dodaklaryň, kentlewügiň, taňlaýyň gurluşy, dişleriň ösüşi degişlidir. Beýle bolanda dil maşklaryny geçirmek maslahat berilýär. Olaryň kömek etmedik ýagdaýynda ýörite hünärmene (logopede) ýüz tutmak maslahat berilýär. Çaganyň sözleýşini diňe öýde ýa-da sapakda ösdürmek bilen çäklenmän, eýsem gezelençlerde, myhmançylyga gidende-de dowam etdirilýär. Tebigata, daş-töwerege syn edip, bolýan hadysalara, eşidilýän seslere (adamlaryň, haýwan-guşlaryň, ýagyşyň, şemalyň we ş.m.) çaganyň ünsüni çekmelidir. Haýwan-guşlaryň, tebigy hadysalaryň sesine öýkünmek usuly-da çagalar üçin örän gyzykly bolýar. Şeýle edilse çaganyň sözleýşi hiç wagt ünsden düşmeýär, hem-de onuň gözýetimi giňeýär, dünýägaraýşy artýar. Çaganyň özi-de ene-atalaryň bu tagallalaryna jogap etmekde zehinini gaýgyrmaýarlar. Netijede, çaganyň sözleýşiniň ösüşi ymykly öňe gidýär, kämilleşýär.
Çaganyň sözleýşiniň ösüşi ulular tarapyndan ünsden düşen mahalyndan başlap onuň yza galmagy we bozulmagy meselesi ýüze çykýar. Ünsden düşürilen sözleýiş çaganyň geljekki durmuşynda dürli görnüşli kynçylyklary we kemçilikleri ýüze çykarýar. Olar: sowatsyz ýazuw, gowy däl, nädogry okaýyş, deň-duşlary bilen sazlaşyksyz aragatnaşyk, pikiri beýan etmekde kynçylyk, dersleri özleşdirmekde kemçilik. Bularyň ählisi, soňlugy bilen, çaganyň özüni alyp barşynda kynçylyklaryň döremegine getirýär. Netijede, çaga çakdanaşa çekinjeň, aragatnaşykdan gaça durýan, özüne ynamsyz, öz pikirini beýan etmegi we ykrar etmegi başarmaýan bolup kemala gelýär. Bularyň ählisiniň öňüni almaklyk ene-atalaryň öz çagalarynyň ösüşini ünsde saklamagyna baglydyr.
Aýjemal Rahimowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Pedagogika kafedrasynyň mugallymy.
Leýli Zakirjanowa,
Seýitnazar Seýdi adyndaky
Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň
Mekdebe çenli bilim we terbiýe hünäriniň talyby.