SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Täze çäklendirme: Medeniýet we hyzmat edaralary

Türkmenistanda ýiti öýken sowuklama keseliniň gelmeginiň hem-de ýaýramagynyň öňüni almak babatda birnäçe öňüni alyş çäreleri geçirilýär. Bu babatda käbir çäklendirmeler alnyp barylýar. Ýurduň medeniýet we sarp ediş hyzmatlary edaralarynyň işiniň çäklendirme möhleti 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy. Bu barada “orient.tm” internet sahypasynda bellenilip geçilýär.

Bu habarda bellenilip geçilişi ýaly, kabul edilen degişli çözgüde laýyklykda, kinoteatrlaryň, teatrlarynyň, oýun attraksion seýilgähleriniň, muzeýleriň, gözellik salonlarynyň, hammamlaryň we sport desgalarynyň (suwda ýüzmek üçin niýetlenen howuzlar, fitnes we aerobika klublary) işi çäklendirilýär.

Şeýle hem şol bir wagtda eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli gysga möhletli we tölegli okuw kurslarynyň we oýun merkezleriniň işi hem çäklendirilýär.

Mundan ozal, bu degişli edaralaryň we kärhanalaryň işiniň möhleti 15-nji noýabra çenli çäklendirilipdi.

Ozal habar berişimiz ýaly, otly we şäherara awotbus gatnawlary 2021-nji ýylyň 1-nji ýanwaryna çenli, halkara uçar gatnawlarynyň bolsa 2020-nji ýylyň 31-nji dekabryna çenli togtadylypdy.

Internete birikmezden (offline ) habarlary okamak: Saýlamak mümkinçiligi

Applikasiýamyz offline işleýär we Siz internete birikmedik wagtyňyz hem Ata Watan habarlaryny okap bilersiňiz! Şeýle hem  islän habaryňyz boýunça Size hususy bildiriş gelmegini sazlap bilersiňiz!  Siz “sada görnüşi” saýlap WIFI ulgamyna birikmedik wagtyňyz mobil internetiňizi tygşytlap bilersiňiz! Ine biziň täze applikasiýamyzyň esasy aýratynlyklarynyň käbirleri!

Applikasiýamyzy indirip alyň

Siz “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň  www.atavatan-turkmenistan.com    saýtynyň  täzelenen applikasiýasyny  öz mobil telefonyňyza indirip almak isleseňiz şu ýere basyň!  Applikasiýany ýüklemek üçin şeýle hem  Google Play-dan “Atavatan Turkmenistan” ýazyp gözleg edip bilersiňiz!  Aşakdaky suratyň üstüne basmak bilen Applikasiýany ýüklemek mümkin! Applikasiýamyzy indiriň we aşakda sanaýan aýratynlyklarymyzy halajakdyňyza ynanýarys!

Söhbetdeşliklerimiz:

Ogulgerek Durdyýewa: Tutanýerliklikde Ýeten Maksadym…

Bahar Annaýewa: Aýdym-saz durmuşymyň bir bölegi

 

Gülälek Gulmyradowa: Käbäm bilen bile ýörän ýollarym!

Halk aýdymlary bilen adygan bagşy: Läle Begnazarowa

Meşhur sungat işgärleri Ata Watan Türkmenistanda myhmançylykda

 

Ýene-de okaň

Türkiyäniň syýahatçylyk pudagy rekord görkezijilere eýe bolýar

Ata Watan Eserleri

«Belawiýa» Türkmenbaşy bilen Minskiň arasyndaky uçuşlaryň sanyny köpeldýär

Müsür gyzzyrmadan azat ýurt boldy

Mardiniň ajaýyp aşhanasyna we baý taryhyna syýahat

Türkmenanatda glisirrizin turşusyny öndürýän kärhana açyldy

“Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabyň nobatdaky jildiniň tanyşdyrylyş dabarasy