MEDENIÝET

Medeniýet Şahberdiýewany ýatlama konserti

23-nji fewralda meşhur türkmen opera ussady, Türkmenistanyň halk artisti Medeniýet Şahberdiýewanyň doglan güni mynasybetli ýatlama konserti geçirildi. Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda geçirilen konserte opera söýüjiler, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Konsertiň dowamynda konserwatoriýanyň opera sungaty hünäriniň 3-nji ýyl talyby Dünýägözel Begalyýewa halypa artistiň aýdymlaryny we dünýä operasynyň saýlanan eserlerini ýerine ýetirdi. Türkmenistanyň Prezidentiniň “Türkmeniň Altyn asyry” atly bäsleşiginiň ýeňijisi Aýlar Saparmyradowanyň sazandarlyk etmeginde ýaňlanan aýdymlar myhmanlarda ýatdan çykmajak pursatlary galdyrdy.

Ýeri gelende belläp geçsek, Medeniýet Şahberdiýewa 1930-njy ýylda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde dünýä inýär. Ol orta mekdebi tamamlap, Aşgabat şäherindäki sazçylyk mekdebinde okaýar. Bu ýerde ol skripkada saz çalmagy öwrenýär. Ol Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky D.Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň wokal bölümine kabul edilýär. Şu ýerde hem onuň opera sungatyndaky ýoly başlanýar. Soňra ol Moskwanyň P.I.Çaýkowskiý adyndaky döwlet konserwatoriýasyna okuwa girýär. Ol bu ýerde dünýä belli aýdymçylardan tälim alýar, aýdym aýtmagyň, sungatyň inçe syrlaryny öwrenýär. Halypa aýdymçylar onuň sesiniň liriki koloraturaly soprano degişlidigini aýdýarlar. Bu dünýäniň aýdym-saz sungatynda seýrek duş gelýän sesleriň biridir.

Medeniýet Şahberdiýewa teatrda sahnalaşdyrylan milli we dünýäniň nusgawy kompozitorlarynyň «Şasenem-Garyp», «Leýli-Mežnun», «Saýathan», «Kemine we kazy», «Aýna», «Gowgaly gije», «Sewil dellegi», «Rogoletto», «Lakme», «Trawiata» ýaly operalarynda dürli häsiýetdäki gahrymanlaryň ruhy dünýäsini öz kalbynyň töründen gaýdýan ajaýyp owazy bilen tomaşaçylara ýetirdi.

D.Öwezowyň we A.Şapoşnikowyň «Şasenem-Garyp», A.Agajykowyň «Gowgaly gije» operalarynda aýdym aýtdy. «Leýli-Mežnun» operasynda Leýliniň partiýasyny, «Aýna» operasynda Bibiniň partiýasyny ýerine ýetirdi. Rimskiniň-Korsakowyň «Patyşa gelni», J.Werdiniň «Trawiata» operalarynda we beýlekilerde ilkinji partiýalary ýerine ýetirdi. Onuň owazy dürli ýyllarda döredilen «Aşyr aganyň hötjetligi», «Meniň dostum Meleguş», «Japbaklar» filmlerinde ýaňlanýar. Wagtyň geçmegi bilen, ol halkara saz toparlarynda hem ykrar edildi.

 

Ýene-de okaň

Aşgabadyň teatrlarynda Täze ýyl üçin teatr oýunlary görkeziler

Türkmenistanyň Döwlet sirki Täze ýyl baýramçylygy çykyşlaryny hödürleýär

Türkmenistan we Ýaponiýa ýaýlymlaryň 4K görnüşinde hyzmatdaşlyk eder

Türkmen edebiýatynyň uly ýitgisi

Türkmenistanda howa -8 gradusa çenli sowar, gar gatyşykly ýagyş ýagar

Röwşen Nepesow Täze ýyl konsertine çagyrýar