SIZDEN GELENLER

Medeni mirasymyz – ebedi mirasymyz

Alym Arkadagymyzyň halkymyzyň baý taryhyny we özboluşly medeniýetini, milli-ruhy gymmatlyklaryny öwrenmegiň zerurdygy, halkyň gymmatly hazynasy hasaplanylýan milli mirasymyzy öwrenip, halkdan toplanan maglumatlary çap etmäge taýýarlamak barada beren tabşyrygyny ýerine ýetirmek maksady bilen, alymlardan, medeniýet-sungat we bilim işgärlerinden ybarat bolan iş toparlary döredildi.

Şeýlelikde, medeni mirasymyzy öwreniji, ruhy gymmatlyklarymyz baradaky gymmatly maglumatlary toplaýjy toparlar ýurdumyzyň dürli welaýatlarynda, etraplarynda, çetki obalarynda bolup, halkymyzyň baý medeni mirasyna, halk tejribesine, diline, taryhyna,  milli hünärmentçiligine, halk çeperçilik sungatyna, asylly däp-dessuryna, halk döredijiligine degişli maglumatlary toplamak işleri dowam etdirilýär.

Türkmen halkynyň köki geçmişiň müňýyllyklarynyň gatlaryna siňip gidýän örän baý we gadymy taryhynyň bolmagy  adamzat taryhynyň iň gadymy siwilizasiýalarynyň döremeginde, halklaryň medeni-ylmy gatnaşyklarynyň kemala gelmeginde, maddy we medeni-ruhy gymmatlyklaryň alşyp-çalşylmagynda dünýä ýaň salan beýik döwletleri guran türkmen halkynyň mizemez baýlygydyr.

Amangeldi Hojamberdiýew, 

TOHU-nyň mugallymy.

Ýene-de okaň

Okuwçylaryň işjeňligini artdyrmakda okatmagyň innowasion ugurlary

Irki ösüş – kämil nesil

Türkmenistan – dermanlyk ösümlikleriň mekany

Baş wezipämiz – ynsan saglygy

18-nji fewral – Türkmenistanyň Diplomatik işgärleriniň güni

Türkmenistan – energetika döwleti