SPORT

Mbappe Pariž toparyndan gidýär

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kilian Mbappe öz ýurdunyň meşhur “PSŽ” toparyndan möwsümiň tamamlanmagy bilen gidýändigini mälim etdi. Bu barada futbolçy özüniň jemgyýetçilik tory arkaly habar berdi.

– Meniň hemişe belläp geçipdim, wagty gelende mälim ederin. Meniň “PSŽ” toparynda soňky ýylym bolar. Men şertnamanyň möhletini uzatmaryn. Meniň bu topardkay başdan geçirmelerim ýene-de birnäçe hepdeden tamamlanar. Şu dynç güni “Park de Prens” stadionynda soňky duşuşygymy geçirerin – diýip, Mbappe belledi.

25 ýaşyndaky Mbaap 2017-nji ýylyň tosumdan bäri “PSŽ” toparynda çykyş edip gelýär. Ol bu topar bilen 5 gezek Fransiýanyň çempiony boldy. 3 gezek Fransiýanyň Kubogyny we Superkubogyny gazandy. Mundan ozal, “Monako” topary bilen hem Fransiýanyň çempiony bolan Mbappe 2018-nji ýylda Russiýada geçirilen futbol boýunça dünýä çempionatynda Fransiýanyň ýygyndysy bilen dünýä çempiony, 2022-nji ýylda Katarda geçirilen dünýä çempionatynda bolsa, kümüş medaly we çempionatyň iň köp gol geçiren futbolçysy bolupy.

Dünýäniň häzirki döwürdäki iň güýçli hüjümçileriniň biri bolan Mbappe mundan soňra karýerasyny Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynda dowam etdirer. Ol şu ýylyň tomsunda erkin futbolçy hökmünde ispan toparynyň düzümine goşular. Onuň ispan topary bilen 2028/29-njy möwsüme çenli şertnama baglaşmagyna garaşylýar.

Ýene-de okaň

Dünýä çempionatyna Türkmenistandan üç boksçy gatnaşar

Türkmen türgenleri Fajr kubogyndan 16 medal gazandy

Messi Puşkaşyň dünýä rekordyny täzeledi

Messi karýerasynda 47-nji kubogyny gazandy

“FIFA 2026” dünýä çempionatyna ilkinji 2 million bilet satyldy

«Arkadag» topary “Andijan” bilen deňme-deň oýnady