SPORT

Mbappe dünýäniň iň ýyndam oýunçysy

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we “PSŽ” toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe dünýäniň iň çalt ýa-da ýyndam oýunçysy hökmünde ykrar edildi. Bu babatda Fransiýanyň “Le Figaro” neşiri sanaw taýýarlady.

“The Sun” neşiriniň habar bermegine görä, 21 ýaşly futbolçynyň meýdançada sagatda 36 km tizlige ýetýändigi mälim edildi. Bu sanawda ikinji orun Ispaniýanyň “Atletika” toparynyň hüjümçisi Inýaki Uilýamsa (35.7 km/s), üçünji orun bolsa Angliýanyň “Arsenal” toparynyň hüjümçisi Pýer-Emerik Obameýýanga (35.5 km/s) degişlidir.

“Le Figaro” neşirine görä, iň ýyndam futbolçylar:

  1. 1. Kilian Mbappe — 36,0 km/s
  2. 2. Inýaki Uilýams — 35,7 km/s
  3. 3. Pýer-Emerik Obameýang — 35,5 km/s
  4. 4. Karim Bellarabi («Baýer») — 35,27 km/s
  5. 5. Kaýl Uoker («Mançester Siti») — 35,21 km/s
  6. 6. Leroý Sane («Mançester Siti») — 35,04 km/s
  7. 7. Mohamed Salah («Liwerpul») — 35,0 km/s
  8. 8. Kingsli Koman («Bawariýa») — 35,0 km/s
  9. 9. Alwaro Odriosola («Bawariýa») — 34,99 km/s
  10. 10. Naço Fernandes («Real Madrid») — 34,62 km/s

Ýene-de okaň

Andres Iniesta tälimçi boldy

Dünýä çempionatyna köp ýyldan soň gaýdyp gelen 7 Ýewropa ýurdy

Finlýandiýa bäşinji gezek hokkeý boýunça dünýä çempiony boldy

Dünýä çempionatynda iň köp kart alan futbolçy  – Maskerano

Ata Watan Eserleri

Dünýä çempiony Dmitriý Biwol guşaklaryny gorady

Türkmenistan U20 Aziýa Kubogynyň saýlama tapgyrynda çykyş eder