SPORT

Mbappä 150 million ýewro teklip etdi

Fransiýanyň “PSŽ” topary özüniň ýyldyz futbolçysy Kilian Mbappeni toparda saklamak isleýär. Mbappeniň bolsa Ispaniýanyň “Real Madrid” toparyna geçmegine garaşylýar. Ol şu möwsümde fransuz topary bilen baglanyşan şertnamasynyň möhletini doldurýar.

Žurnalist Gilýema Balaganyň maglumatyna görä, fransuz topary Mbappä 2 möwsüm üçin 150 million ýewro teklip etdi. 23 ýaşly futbolçy bu teklibiň çäklerinde “Real Madrid” toparyndan teklibini ýokarlandyrmagy isleýär. Madrid topary Mbappä ýyllyk 30 million ýewro töweregi aýlyk haky teklip edipdi.

Şu möwsümde Mbappe “PSŽ” toparynyň düzüminde ähli ýaryşlarda oýnan 38 duşuşygynda 28 gol geçirdi.

 

 

Maradonanyň futbol köýnekçesi satylýar

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi