JEMGYÝET

Mawy Kenar : Maksadymyz ýurdumyzyň ekologiýasyny arassa saklamaga goşant goşmak

Paýtagtymyzda  “Türkmenistanyň Nebiti we Gazy – 2019” atly 24-nji halkara maslahaty mynasybetli sergä gatnaşan “Mawy Kenar” bilelikdäki kärhananyň wekili Muhammetguly Baýramow şeýle diýdi:

– Biziň bu kompaniýamyzy esaslandyryjylar “Gazyk” hususy kärhanasy, “Hazar Balyk” hojalyk jemgyýeti, we Kanadanyň  “Benel” tehnika kompaniýasy bolup durýar. Biziň esasy edýän işimiz ýurdumyzyň ekologiýasyny arassa saklamagyna goşant goşmak. Biziň häzirki ilkinji taslamamyz bolsa, Hazarýaka kenarlarynyň nebit bilen hapalanan topragyny arassalamak. Biz Türkmenistanda eýýäm ikinji sergimize gatnaşýarys. Birinjisi “Türkmenistanyň senagatçylar we telekeçiler” atly sergisi boldy. Ikinji bolsa, “Türkmenistanyň nebiti we gazy”sergisi.   Biziň “Türkmen Nebit” bilen 15 ýyl möhlet bilen baglaşylan  şertnamamyz bar. Biziň öňde goýan maksatlarymyz Türkmenistanyň çägindäki meýdandyr, topraklaryny arassa saklamak. Serginiň dowamynda biz bilen birnäçe daşary ýurt kompaniýalar bilen duşuşyk geçirdik. Beýleki kompaniýalar bilen hem ýeneki ýyllarda işleşmegi maksat edinýäris. Şereketimiziň “Mawy kenar” ady hem biziň Hazar deňzimiziň mawysy bolup durýar.  Ýagny, Hazarýaka kenarlarynyň arassaçylygyny saklamak biziň borjumyzdyr.

Ýene-de okaň

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy

Eýranyň daşary işler ministri Abbas Arakçi Türkmenistana minnetdarlyk bildirdi

Eýran ynsanperwer kömek üçin Türkmenistanyň haýyr-sahawat gaznasynа minnetdarlyk bildirdi