BIZNES

Mask täzeden dünýäniň iň baý adamy

“Tesla” we “SpaceX” kompaniýalarynyň esaslandyryjysy, şeýle hem “Twitter” jemgyýetçilik torunyň eýesi Ilon Mask dünýäniň iň baý adamy diýen derejesini gaýtaryp aldy. Bu derejä birnäçe wagt “LVMH” kompaniýalaryň toparynyň ýolbaşçysy Bernar Arno degişli bolupdy.

“Blumberg” neşiriniň habar bermegine görä,  Ilon Maskyň paýnamalary “Tesla” kompaniýasynyň hasabyna 70 göterim artdy. Şeýle hem bu kompaniýa elektromobillere bolan islegiň artmagy bilen hem oňat netijeler gazandy.

“Blumberg” neşiriniň milliarderler reýtingine görä, Maskyň baýlygy 187.1 milliard dollara deňdir. 73 ýaşyndaky Bernar Arnonyň baýlygy bolsa 185.3 milliard dollara barabar boldy.

51 ýaşyndaky Mask 2023-nji ýyla 137 milliard dollarlyk kapital bilen girdi. Şeýle hem dünýäde 200 milliard dollar ýitiren ilkinji adam boldy.

 

Ýene-de okaň

Russiýa–Türkmenistan–Owganystan täze üstaşyr geçelgesini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmenistanda 3 aýda jemi içerki önümiň ösüşi 6,3 göterim artdy

Aşgabatda “Hyzmatdaşlyk we ösüş” atly köpugurly halkara sergi geçirilýär

Türkmenistan bilen Azerbaýjan ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegi maslahatlaşdylar

Gruziýa türkmen nebitini satyn almagy meýilleşdirýär

Türkmenistanda 2026-njy ýylda şaly öndürmek hakyndaky resminama gol çekildi