JEMGYÝET

Maryda halkara mediaforum geçirildi

Şu gün Medeniýet hepdeliginiň çäginde Mary şäherindäki adybir myhmanhanada sanly ulgam arkaly halkara mediaforum geçirildi. Oňa ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Ozal hem habar berlişi ýaly, halkara derejeli çärelerdir duşuşyklaryň geçirilmegi Marydaky hepdeligiň esasy aýratynlyklarynyň biridir. «Köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň halkara hyzmatdaşlykdaky orny» atly halkara mediaforumda edilen çykyşlarda bu hyzmatdaşlyga ýokary baha berlip, onuň geljekki wezipeleri kesgitlenildi.

Mediaforumda Aziýa — Ýuwaş umman teleradiogepleşikler birleşiginiň (ABU) Baş sekretary Jawad Mottagi, ITAR-TASS habarlar agentliginiň baş direktorynyň birinji orunbasary Mihail Gusman, «Russia Today» teleýaýlymynyň Baş direktory Alekseý Nikolow, Türkiýe Respublikasynyň «TRT World» teleýaýlymynyň başlygy Ýusuf Erim, «Azerbaýjanyň Telewideniýesi we radiosy» Ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary Rafik Gaşym, «Mir» Döwletara telekompaniýasynyň başlygynyň orunbasary Wladimir Kazarezow, Özbegistan Respublikasynyň Milli teleradiokompaniýasynyň «Madaniyat wa ma’rifat» teleýaýlymynyň başlygy Wohid Lukmonow, «Russiýa 24» teleýaýlymynyň Merkezi Aziýa boýunça býurosynyň ýolbaşçysy Robert Fransew, CGTN-Russian Hytaý Mediakorporasiýasynyň  direktorynyň orunbasary Huan Inan, Oman Patyşalygynyň habarçysy Walid Alkafif, Bahreýin Patyşalagynyň Halkara Sport Media guramasynyň esaslandyryjysy Muhammet Kasym, СНГ+МИР/СНГ+КИТАЙ Halkara Maksatnamasynyň ýolbaşçysy Anastasiýa Pawlowa, Türkiýe Respublikasynyň «Anadolu ajansi» habarlar agentliginiň Türkmenistandaky wekili Merdan Welhanow, «Korean Broadcasting System» kompaniýasynyň Halkara gatnaşyklary bölüminiň başlygy jenap Wansu Kim we başga-da meşhur halkara habarlar agentlikleriniň wekilleri sanly ulgam arkaly çykyş etdiler.

 

Jemgyýetçilik kabul edişligi

Ýene-de okaň

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar

Malaýziýanyň Premýer-ministri: Magtymgulynyň goşgulary malaý diline terjime edilýär

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan-Malaýziýa gepleşikleri: möhüm resminamalara gol çekildi

Türkmenistanyň Prezidenti Malaýziýanyň Premýer-ministri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri