TESWIRLER

Maradonanyň ýadygärligi gurlar

Argentinanyň Buenos-Aýres  şäheriniň merkezi halkara howa menzilini dolandyrýan “Aeropuertos Argentina 2000” kompaniýasy, howa menziliň çäginde ýakynda aradan dünýä belli futbolçy Diego Maradonanyň ýadygärligini gurmak isleýär. Metbugat gulluklarynyň habaryna görä, howa menziliniň eýesi – argentinaly telekeçi Eduardo Ernekian “La Nación” gazetinde şeýle wada berdi. Bu taslama Maradonanyň şöhratly günlerini şekillendirýän 3D şekilleri bolar. Howa menzilinde täze guruljak Maradonanyň ýadygärligi indiki aýda açylyp bilner diýip, “Clarín” gazeti habar berýär. Bu ýadygärligi kimiň taýýarlajakdygy entek belli däl. Ýöne ýolagçylaryň gelýän ýerinde ýadygärlik gurmak meýilleşdirilýär.

Diego Armando Maradona 25-nji noýabrda 60 ýaşynda, ýürek ýetmezçiligi bilen baglanyşykly aradan çykdy. Irdenlik naharyndan soňra dünýä belli futbolçy özüni näsag duýýandygyny aýtdy we öz otagyna tarap gidipdir. Soňra tiz lukmançylyk kömegi çagyrylypdyr. Emma tiz lukmançylyk kömeginiň topary gelende, oýunçynyň ýüregi durupdyr.

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

 

 

Ýene-de okaň

14 möjek nähili 94 milliard dollarlyk bähbit emele getirdi?

Ata Watan Eserleri

“Durmuşda iň gymmatly zat näme?”

Tanamaýan birine sesli habar ýa-da tekst ýazmazdan öň nämäni göz öňünde tutmaly?

Ogluň kakasy bilen synagy

Ata Watan Eserleri

“Ýalan söýgä ynanyp, gezipdirin begenip”

“Bahylyň bagy gögermez, gögerse-de miwe bermez”

Ata Watan Eserleri