Angliýanyň futbol boýunça milli çempionaty tamamlandy. Çempionatyň ahyrky tapgyryna çenli çempion belli bolmady. Soňky tapgyrda hem “Mançester Siti” hem-de “Arsenal” çempion bolmak mümkinçiligine eýe boldy.
Ýöne “Mançester Siti” topary soňky tapgyrda ýeňlen halatynda “Arsenal” çempion bolup bilerdi. Pep Gwardiolanyň şägirtleri muňa rugsat bermedi.
“Siti” topary soňky tapgyrda “West Hem” toparyny öz meýdançasynda 3:1 hasabynda utup, yzly-yzynaa 4-nji, umumylykda bolsa, 10-njy çempionlygyny gazandy. Bu Angliýanyň taryhynda rekorddyr.
“Mançester Siti” topary Angliýanyň futbol çempionatynda 2020/21-nji, 2021/22-nji we 2022/23-nji möwsümden soňra 2023/24-nji möwsümde hem çempion bolmagy başardy.
Mundan ozal, bir topar diňe yzly-yzyna 3 ýyl çempion bolupdy. Ol hem “Mançester Ýunaýted” topary bolup, olar hem meşhur tälimçi Aleks Fergýuson döwründe 2 gezek yzly-yzyna 3 möwsüm çempion bolupdy (1998/99, 1999/2000, 2000/01 we 2006/07, 2007/08, 2008/09).
Şeýle hem Angliýanyň çempionatynda “Liwerpul” topary 1981/82, 1982/83, 1983/84), “Arsenal” topary (1931/32, 1932/33, 1933/34) we “Haddersfild” topary (1923/24, 1924/25, 1925/26) yzly-yzyna 3 gezek çempion bolmagy başarypdy.
“Mançester Siti” toparynyň ispan tälimçisi Pep Gwardiola tälimçi hökmünde 38-nji kubogyny gazandy.
