BIZNES

Mämmethan Çakyýew hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy

Pekin şäherinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar Agentliginiň Baş direktory Mämmethan Çakyýew awtoulag serişdelerini öndürýän «Shaanxi Heavy Duty Automobile Import & Export co., LTD» we «Yutong Bus Co., Ltd.» hytaý kompaniýalarynyň wekilleri bilen duşuşdy.

Geçirilen duşuşyklarda, taraplar awtoulag serişdelerini Türkmenistana ibermek boýunça gelejekki hyzmatdaşlyklary ara alyp maslahatlaşdylar.

Türkmenistanyň Hökümetiniň resmi wekiliýeti 17-18-nji oktýabry aralygynda Pekin şäherinde geçiriljek «Bir guşak – bir ýol» halkara hyzmatdaşlygynyň üçünji forumyna gatnaşmak maksady bilen Hytaý Halk Respublikasynda resmi sapary amala aşyrýarlar.

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky bilen hyzmatdaşlygyň täze tapgyryna girişýär

Türkmenistanda 25-nji martda gowaça ekişine girişiler

Türkmenistanyň daşary ykdysady işi has-da kämilleşdiriler

Belarusyň işewürler düzüminiň Aşgabada sapary

“Täze aý” hojalyk jemgyýeti eksport mümkinçiliklerini giňeldýär

“Tudana” kärhanasy sebitiň iň iri ýyladyşhana klasterini döreder