Doglan ýeri
Ahal welaýatynyň Bäherden etrabynyň Durun obasy
Doglan senesi
1925-nji ýylyň 5-nji fewraly
Aradan çykan senesi
1987-nji ýylyň 30-njy maýy
Gysgaça
1932-nji ýylda Durun obasyndaky 3-nji orta mekdepde okuwa başlaýar. Ol on ýaşyndaka ejesiniň ýogalmagy bilen Bäherden etrabynyň internatynda terbiýelenipdir. 1938-1940-njy ýyllarda Aşgabat şäheriniň Aragatnaşyk mekdebinde okapdyr. 1948-1953-nji ýyllarda häzirki Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty bölümini tamamlaýar.
Mämmet Seýidowyň kakasy çopan bolupdyr. Berdimyrat baýyň sürüsini bakypdyr. Kakasynyň okamaga bolan höwesini görüp, baý ony medresä okuwa ugradypdyr. Şahyryň Orazguly we Hajyguly diýen agalary kakalarynyň ýerine baýyň çopany bolup galypdyr. Medresäni tamamlandan soň, onuň kakasy mollaçylyk edipdir. 1928-nji ýylda bolsa aradan çykypdyr. 1940-njy ýylda Aragatnaşyk mekdebi tamamlandan soň, Mämmet Seýidow bu ulgamda hat gatnadyjy bolup işe başlaýar. Ol 1944-nji ýylda bolsa, Bäherden etrabynyň «Uçgun» etrap gazetinde işläp başlapdyr. 1945-1948-nji ýyllarda sowet goşunynda hatarçy esger bolup gulluk edipdir. Gulluk borjuny ýerine ýetirenden soň, 1948-nji ýylyň fewralynda «Sowet Türkmenistany» gazetiniň redaksiýasynda edebi işgär, soňra bölüm redaktory wezipelerinde işläpdir.1954-1966-njy ýyllarda «Söwet edebiýaty» žurnalynyň Şygryýet bölüminiň redaktory bolupdyr. 1965-nji ýyldan başlap TSSR Ýazyjylar Birleşiginiň edebi geňeşçisi bolup işe başlapdyr. 1967-nji ýylda ol ýene-de «Sowet edebiýaty» žurnalynyň Şygryýet bölümine redaktor bolup işe geçipdir. 1968-1969 –njy ýyllarda ol döredijilige ymykly berlip, özüni şahyr hökmünde ile tanadypdyr. 1972-nji ýylyň awgustyndan başlap, ol ýene-de «Sowet edebiýaty» žurnalyň bölüm redaktory bolup, ömrüniň ahyryna çenli şol ýerde işläpdir. Halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary üçin ol dünýeden gaýdandan soň, Magtymguly adyndaky döwlet baýragy bilen sylaglanýar. Hormatly Arkadagymyzyň tagallasy bilen paýtagtymyzyň merkezinde gurlan «Ylham» seýilgähinde şahyryň heýkeli oturdyldy. Şahyryň maşgalasynda bir ogul, iki gyz perzendi bolup, olardan häzirki wagtda birnäçe agtyk-çowluklary bar.
Mämmet Seýidowyň (1972-nji ýyl.) Iň gowy goşgulary we poemalary Moskwanyň «Söwetskiý pisatel» neşirýaty tarapyndan çapdan çykarylan «Gumdaky yzlar» kitabyna girizildi. Onuň goşgulary iňlis, nemes, fransuz, polýak we beýleki daşary ýurt dillerinde terjime edildi. Ol dünýä edebiýatynyň şeýle hem rus klassykasynyň we rus sowet edebiýatynyň iň gowy nusgalaryny propagandirlemekde uly hyzmat bitirdi. A.S. Puşkiniň, M. Lermontowyň, N. Nekrasowyň, A. Kunanbaýewiň, S. Rustaminiň we beýlekileriň aýry-aýry goşgularyny türkmençä geçirdi.Ol täjik ýazyjysy Mürze Tursunzadanyň «Hasan arabakeş» hem-de «Aziýanyň sesi» atly poemalaryny rus dilinden türkmen diline terjime etdi. Ol kitap 1962-nji ýylda «Türkmenistan» döwlet neşirýatynda çap boldy. Mämmet Seýidow ukrain şahyrlary Lesýa Ukrainka bilen Wladimir Sosýuranyň şygyrlaryndan terjime edip türkmen okyjylaryna ýetirdi. Şahyr «Kerwen» romanyny ýazanynda «Gurhanyň» rus dilindäki neşirini tutuş ýat tutup öwrenipdir we romanynda «Gurhanyň sürelerinden peýdalanypdyr. «Goşgular», «Meniň hazynam», «Arzygülüň hiňňildigi», «Seniň yşgyňda» we başga-da ençeme kitaplary bolup, olaryň arasynda ulular hem çagalar üçin ýazan kitaplary, şeýle-de terjime eserleri bar. «Ol bu inçe senediň yşgynda bir günlük eşret üçin on günlük azap çeken şahyr». Onuň SSSR halklarynyň dürli şahyrlaryndan, daşary ýurt progressiw şahyrlaryndan eden terjimeleri türkmen sowet poeziýasynyň terjime žanryna uly goşant boldy. Onuň Kaýsyn Kulyýewden, Resul Gamzatowdan, Azym Köşekowdan we käbir beýleki belli sowet şahyrlaryndan eden terjimeleri bu işindäki uly üstünligidir. Mämmet Seýidow at hakda, it hakda tapawudy ýok haly ýa-da dutar hakda ýazsyn okyjylaryna özüni şol ugurdan ussat hünärmen ýaly kabul etdirdi. «Mämmet Seýidow getirilen goşgulary eli galamly okamaga endik edinen şahyrdy.Onuň düzeden, täzeden işlän goşgulary gör, näçedir! Elbetde, ol her bir goşga, her bir setire el degiribermezdi, ýerliksiz gysgaltmazdy.Onuň zanny şahyr bolansoň, setirleriň nähili azap bilen döreýändigini bilýärdi. Ol şahyrçylyk diýilen ykbal işinde özüne-de, özgelere-de ýeke-täk talap bilen, iň ýokary ölçeg bilen çemeleşýärdi. Poeziýa kitaplaryny redaktirlände örän gazaply çemeleşerdi, şonuň ýaly-da örän seresaplydy. Biz goşgy redaktirlemekde ondan kän zatlar öwrendik. Men «Türkmenistan» neşirýatynda işläp, 12 ýylyň içinde onuň 4 kitabynyň redaktory boldum», «Mämmet Seýidow durky bilen ýaş nesle berlen ussatdy. Ol ýaşlaryň petde-petde goşgularyny okap çykmaga-da, şygyrlaryny niçeme sagatlap olaryň öz dilinden diňläp oturmaga-da, olara baha bermäge-de, döredijilik maslahatlaryny bermäge-de asyl-asyl ýaltanan adam däldi.Ömür söýen, ýaş söýen, durmuş söýen, ýaşlar bilen şeýlekin höwrügen uly ussat şahyr Mämmet Seýidowyň ösüp gelýän täze-täze zehinli nesillere bolan beýik yşky «Dünýämiziň geljek ykbalynda galdy», «Käbir goşgularyň gapdalynda «kiçijik goşgy» diýlip ýazylýar.Türkmen sowet poeziýasynyň görnükli wekili Mämmet Seýidow uly-uly poemalar ýazdy. Ol eserler öz döwründe okyjysynam tapdy.Ýöne ony uly şahyrlaryň hataryna goşan şol «kiçijik goşgy» diýilýänler boldy diýsem öte geçdigim bolmasa gerek. Şahyr türkmen poeziýasynda rubagy sungatyny täze bir belentlige göterdi. Onuň goşgulary ýugrumy ýeten hamyrdan bişirilen çörege meňzeýär. Näme barada söhbet açsa açybersin, ol predmetleýin gürrüň edýär. Çeper detallar, çeper meňzetmeler, obrazly dil, sözleriň, setirleriň halys ganyna siňip giden duýgular, agramly pikirler ynha, onuň şygyrlarynyň ýüzüni görkezýän zat. Ertekiler, matallar, tymsallar, halkyň ruhy dünýäsini baharyň terligi bilen saklap duran pähimler şahyry aýratyn gyzyklandyrýar. Onuň üçin ol ýönekeý bir takal ýa bolmasa gepiň gerdişine aýdylyp goýberilen tymsal däl, ol onda edil çörege sereden ýaly, üýtgeşik bir gudrat görýär. Ol şahyr üçin özboluşly çeperçilik serişdesi, onuň poeziýasynyň aýratynlygy»…Halypalaryň Mämmet aganyň döredijiligine beren şeýle bahalary sanardan kän. Ýürekden aýdylan ol sözlerden şahyryň zehin aýratynlygyna, belent adamkärçiligine, halkymyz üçin bitiren uly hyzmatlaryna göz ýetirmek kyn däl.
«Dünýä edebiýaty» žurnaly, 2019-njy ýyl, 5-nji sany
Akgül SAPAROWA.