JEMGYÝET

“Makul Sözlük” türkmen metbugatynda

Baky Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllyk toýunyň öňüsyrasynda “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty “Makul Sözlük” atly türkmen we iňlis dilindäki ilkinji sesli we sanly  sözlügini ulanyşa girizdi.

Sanly ulgamyň ähli mümkinçilikleri göz öňünde tutulyp, “eşidýän” we eşiden sözüni tapyp berýän “akylly” sözlük bolan “Makul Sözlük” türkmen metbugatynyň sahypalarynda hem giň orun aldy. Ýurdumyzyň gazetlerinde we elektron neşirlerinde “Makul Sözlük” babatda habarlar okyjylar köpçüligine ýetirildi.

Ýurdumyzda bolup geçýän wakalary gyzgyny bilen rus hem-de iňlis dillerinde dünýäniň okyjylar köpçüligine ýetirýän “Media Türkmen” hususy kärhanasynyň “orient.tm” internet sahypasynda “Makul Sözlük – ilkinji türkmen we iňlis dillerindäki sesli sözlük” sözbaşysy bilen okyjylaryna ýetirdi. Şeýle hem bu habarda  21 müňden gowrak türkmen dilinde hem-de 15 müňden gowrak iňlis dilinde sözleriň bardygy, onuň “sesli gözleg” mümkinçiligi bilen köplerin ünsüni özünde jemläp biljekdigi bellenilip geçilýär.

Şeýle hem ýurdumyz baradaky habarlary yzygiderli öz sahypalarynda beýan edýän “Arzuw NEWS” internet neşiri hem “«Makul Sözlük»: milli türkmen-iňlis sözlügi internetde işe girizildi” sözbaşysy bilen “Makul Sözlügiň” işe goýberilendigini mälim etdi. Bu habarda ýakyn wagtda sözlügiň “Android” ulgamynda goşundysynyň hem taýýar boljakdygy we munuň internet bolmadyk şertlerde hem sözlügiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp boljakdygy mälim edilýär.

Mundan başga-da, “ashgabat.in” elektron neşirinde hem “Täze türkmen-iňlis dilindäki sözlük” ady bilen “Makul Sözlügiň” ulanyşa goýberilendigi beýan edildi. Bu internet neşiriniň habarynda hususan-da, internet dünýäsine “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty tarapyndan “Makul Sözlük” atly türkmen we iňlis dilindäki ilkinji sesli we sanly sözlügiň ulanyşa goýberilendigi mälim edilýär. Şeýle hem sözlügiň resmi internet sahypasynda “Teklip Ediň” sahypasy hereket edýär. Okyjylar köpçüliginiň bu sözlükde “ýok” sözleri (türkmen we iňlis dillerinde) teklip edip bilerler, diýlip bellenip geçilýär.

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrliginiň “Biznes reklama” gazetinde “Ilkinji türkmen-iňlis sesli sözlügi” sözbaşysy bilen ilkinji türkmen-iňlis akylly sözlügiň taýýarlanandygy mälim edildi.  “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com saýty “Makul Sözlük” taslamasynyň ýurdumyzda sanly ulgamyň giňden ornaşdyrylmagy babatda edilýän işlerine uly goşant bolup durýandygy bellenilip geçilipdir.

Bulardan başga-da, baky Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygy mynasybetli taýýarlanan “Makul Sözlük” sözlügi ýurdumyzyň teleýaýlymlarynda hem mahabat edilýär. Ýurdumyzyň ähli ýaýlymlarynda günüň dowamynda dürli wagtlarda türkmen we iňlis dilindäki ilkinji sesli we sanly sözlügiň ulanyşa goýberilendigi teletomaşaçylara ýetirilýär.

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

 

Ýene-de okaň

Türkmenistan Ýaponiýanyň Dostluk alyş-çalşygy boýunça halkara geňeşi bilen hyzmatdaşlyk eder

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Türkmenistan Fransiýa bilen köpugurly gatnaşyklary giňelder

Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasynda geňeşmeler geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Türkiýe Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Gazagystanyň Prezidenti bilen telefon arkaly söhbetdeşligi

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň Monako Knýazlygyna sapary