JEMGYÝET

“Makul Sözlük” krossword bäsleşigi: ýeňijiler -Alyşirow we Serdarow

Bilşiňiz ýaly, türkmen we iňlis dillerinde “gepleýän” we “eşidýän” ilkinji akylly sözlük  bolan “Makul Sözlük”  sowgatly krossword bäsleşiginiň geçirilýändigini yglan edipdik. Şu gün bolsa şol krossword bäsleşiginiň ýeňijilerini mälim edýäris.

Sowgatly “Makul Sözlük” krossword bäsleşigimiziň ýeňijileri – Sumbar Alyşirow we Muhammet Serdarow boldy.

Krosswordy ýurdumyzda çap edilýän gazet-žurnallarda özüniň krosswordlary bilen yzygiderli çykyş edip gelýän ýaş talyp ýigidimiz Baýgeldi Çaryýew taýýarlady.

Bäsleşigiň şertleri boýunça bu paýhas synagyna gatnaşmak isleýän okyjylarymyz elektron poçta arkaly atawatanhabar@gmail.com elektron salgysyna jogaplaryny iberdiler. Şol jogaplaryň gelen wagtyna görä, “elektron hatlary”  krosswordy taýýarlan talyp ýigidimiz Baýgeldi Çaryýewiň gatnaşmagynda  döredijilik toparymyz tarapyndan seljerildi.

Şonuň netijesinde, bäsleşigimiziň ýeňijileri mälim boldy. Olardan ilkinji bolup, krosswordyň ähli sowallaryny dogry jogap beren Sumbar Alyşirow bilen ýene-de ähli sowallary bilmegi başaran Muhammet Serdarow ýeňiji boldular. Ýeňijiler baýragyny 2020-nji ýylyň 14-nji dekabryndan soňra +99362880263 telefon belgisine jaň edip, alyp gidip bilerler.

Şeýle hem bäsleşigimize Gurban Goçyýew, Gülälek Söýeşowa, Döwranguly Annagulyýew, Jasurbek Aşyrbaýew, Sülgün Ýazliýewa, Yhlas Bekjäýew,  Oguljan Agaýewa we beýlekiler işjeň gatnaşdylar.

Krosswordda bäsleşigimizde ýeňiji bolan 2 okyjymyza “Makul Sözlük” tarapyndan “Light Wave” (Lw 540) markaly mikrofonly gulaklyk (nauşnik) sowgat berler.

Şeýle hem ýene-de 5 okyjymyza höweslendiriji baýraklar (2021-nji ýylyň kalendary, ýandepderçe, bellik kagyzlar, bir gezek ulanylýan kagyzdan stakan, bokal, çygly süpürgiçler, matadan tikilen  ýantorba) göz öňünde tutuldy. Höweslendirii baýraklarymyza bolsa, Gurban Goçyýew, Şeker Söýeşowa, Gülälek Söýeşowa, Döwranguly Annagulyýew we Mekan Bäşimow mynasyp boldy. Baýraklar diňe Aşgabat şäherinde gowşurylýar.

Bu gezekki bäsleşigimizi ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 25 ýyllygyna we Halkara Bitaraplyk gününe  bagyşlanyp taýýarlanan akylly sözlük taslamamyza niýetläp geçirdik. Sanly we Sesli sözlük taslamamyz häzirki wagtda taslama görnüşinde bolup, www.makulsozluk.com saýtyndan elýeterlidir.  “Sanly we Sesli sözlük – Makul Sözlük  “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalynyň www.atavatan-turkmenistan.com  saýty tarapyndan taýýarlanyldy. Ýakyn wagtda sözlügiň Android ulgamynda işleýän Applikasiýasyny ulanyşa girizeris.

 

BÄSLEŞIGIMIZE IŞJEŇ GATNAŞAN OKYJYLARYMYZ

 

1) Sumbar Alyşirow

2) Muhammet Serdarow

3) Gurban Goçyýew

4) Şeker Söýeşowa

5) Gülälek Söýeşowa

6) Döwranguly Annagulyýew

7) Mekan Bäşimow

8) Muhammetgylyç Tagangylyjow

9) Jasurbek Aşyrbaýew

10) Artur Atamuradow

11) Sülgün  Ýazliýewa

12) Altyn Jumaýewa

13) Aýmyrat Hudaýberdiýew

14) Allanazar Jumaýew

15) Begendik Babaýew

16) Yhlas Bekjäýew

17) Oguljan Agaýewa

18) Akmaral Handurdyýewa

19) H. Tajimuradow

 

Saglyk Sahypamyz

Global pandemiýa şertlerinde Saglyk ulgamyna degişli habarlar dünýäniň ähli ýerlerinde iň köp okalýan habarlaryň biridir!

 

 

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär

Täze ýyl arçasyny bezemegiň düzgünlerini berjaý edeliň!

Awtomobil sport toplumynyň täze binalar toplumy gurlar