SPORT

Maksat Meredow ― agyr atletika boýunça Aziýanyň wise-çempiony!

Türkmenistanyň agyr atletika boýunça milli ýygyndysynyň şu günler Daşkent şäherinde geçirilýän Aziýa çempionatynda gazanan medallarynyň sany ikä çykdy. Türkmen agyr atletikaçylarynyň nobatdaky medalyny 73 kilograma çenli agram derejesinde çykyş eden ildeşimiz Maksat Meredow gazandy.

20 ýaşly türgen ştangany galdyrmagyň iki görnüşiniň jemi boýunça 336 kilogramlyk netije görkezdi. Şu agram derejesinde altyn medaly hytaýly Şi Çžiýun, bürünç medaly bolsa Ýaponiýanyň wekili Masanori Miýamito gazandy.

336 kilogramlyk netije biziň ildeşimiziň halkara ýaryşlardaky şahsy rekordydyr. 2019-njy ýylda Ýaşlaryň arasynda geçirilen dünýä çempionatynda bürünç medal gazanan Maksat Meredow şol ýylky Aziýa çempionatynda 315 kilogramlyk netije bilen ýedinji orny eýeläpdi.

Şu gezekki yklym ýaryşyna gatnaşýan toparymyzdan Seýitjan Mirzaýewiň hem ştangany silterläp götermek boýunça kümüş medaly eýeländigini ýatladýarys.

 

“Apple”-iň täze önümleri: iň güýçli planÅŸet

 

Ýene-de okaň

Meşhur rus küştçisi Sergeý Karýakiniň Türkmenistanda küşt kluby açylar

Ata Watan Eserleri

Läle Şöhradowa Türkmenistanyň çempionatynyň ýeňijisi boldy

Ýaş eminler üçin okuw-maslahatyna badalga berildi

Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bijesi: “Real” topary “Mançester Siti” bilen duşuşar

FIFA Dünýä Kubogy 2026: ABŞ wizasyny almaly tomaşaçylar üçin FIFA PASS işe girizildi

Ronaldo Ispaniýanyň “Almeriýa” futbol klubynyň paýnamalaryny satyn aldy

Ata Watan Eserleri