SIZDEN GELENLER

Magtymguly Pyragy – parahatçylyk şahyry

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitabynyň neşir edilmegi täze ýylyň öňüsyrasynda ähli halkymyzy, aýratyn-da, döredijilik işgärlerini begendiren şatlykly waka boldy. Çünki bu ajaýyp kitap çeper söze sarpa goýýan, kalby Magtymgululy her bir türkmen üçin gymmatly serpaýdyr. Biz bu kitaby okanymyzda, Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyna, parasatly öwüt-ündewlerine, ruhy dünýäsine täzeden, has-da aýdyň, has-da çuňňur göz ýetirýäris.

Kitapda Magtymguly Pyragy mekdebiniň kemala gelşi hakynda-da gyzyklydan täsirli söhbet edilýär. Onda beýan edilişi ýaly, akyldar şahyr Mäne baba, Mahmyt Pälwan, Omar Haýýam, Hoja Ahmet Ýasawy, Azady, Andalyp ýaly danalaryň edebi gymmatlyklaryndan ruhlanyp, kämil eserleri döredipdir. Şeýdibem, Magtymguly Pyragy halkyň milli durmuşyna esaslanýan mekdebi döredipdir. Ondan soňra ýaşap geçen Magrupy, Şabende, Seýdi, Kemine, Mollanepes, Zelili, Kätibi ýaly ençeme nusgawy şahyrlarymyz bolsa Magtymguly Pyragy mekdebinden täsirlenip, ony dowam etdiripdirler we şygryýet dünýäsinde biri-birinden tapawutlanýan, ajaýyp eserleri halka peşgeş beripdirler. Dana şahyryň şygryýet mekdebi asyrlardan asyrlara, nesillerden nesillere geçip, bu günki gün dünýäde nusgalyk edebi mekdebe öwrüldi. Hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly täze kitaby bolsa şol mekdebiň ajaýyp waspnamasydyr.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz bu kitabynda Magtymguly Pyragynyň Aşgabadyň günortasynda, Köpetdagyň etegindäki baýryň üstünde dikilen 60 metre barabar belent ýadygärligi we ol ýerde döredilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumy, daşary ýurtlaryň taryhy şahsyýetleriniň — ýazyjy-şahyrlarynyň, akyldarlarydyr sungat ussatlarynyň 24-siniň onda ýerleşdirilen heýkelleri barada hem parasatly pikirleri beýan edýär. «Bu toplum Gahryman Arkadagymyzyň ýene bir ajaýyp eseridir» diýmek bilen, hormatly Prezidentimiz onuň dana şahyra bolan belent sarpamyzyň nyşanyna öwrülendigini örän jaýdar belleýär. Medeni-seýilgäh toplumynda heýkelleri dikilen şahsyýetleriň her biri dünýä edebiýatynyň, medeniýetiniň we sungatynyň ösmegine uly goşant goşdular. Olaryň hatyrasyna şeýle toplumyň döredilmegi ýurdumyzyň halkara abraýyny-da has belende göterdi.

Magtymguly Pyragy — beýik hormata mynasyp ussat. Ol öz eserlerine tutuş dünýäni we durmuşy siňdirip, adamzada söýgini sygdyryp bilen akyldardyr. Jemgyýetiň kämilligi üçin zerur bolan edep kadalary, gylyk-häsiýetleri, aýratynlyklary Pyragy ýaly çeper teswirläp bilen başga bir şahyr ýokdur diýip pikir edýärin. Hünärlilik, zähmetsöýerlik, janypkeşlik, maksada okgunlylyk, akýüreklilik ýaly duýgular, zähmete höweslendirýän pikirler şol setirleriň özenidir, şol bentleriň bezegidir. Şahyryň berýän öwüt-ündewleri bilen özümizi we ýaş nesilleri belent ahlaklylykda terbiýeläp bilýäris. Ýaşlary pederlerimizden miras galan milli häsiýetler, watançylyk ruhy esasynda terbiýelemek, olaryň il-ýurda, halka, Watana bolan söýgüsini gazanmak üçin Magtymguly Pyragynyň öwüt-ündewlerine berk eýermelidiris.

Magtymguly Pyragynyň eserleri mizemez binadyr. Bu binanyň sütünleri älem-jahana, barlyga hem-de barlygy bar edene söýgüden gurlandyr. Bakylyk suwuna eýlenendir. Halkyna hem-de ähli adamzada bolan mähire ýugrulandyr. Akyldar şahyrymyzyň döredijiligi dünýä edebiýatynyň naz-nygmatly desterhanydyr. Munda söz nygmatlary, paýhas maňyzlary, labyz hoşalary müň derde derman bolup durandyr. Magtymgulynyň edebi mirasy Gündogar edebiýatynyň naýbaşy äheňlerini özünde jemleýän bagy-bossandyr.

Beýik döwrümiziň paýhas hazynalarynyň üstüni ýetiren «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabyň neşir edilmegi mynasybetli hormatly Prezidentimizi, Milli Liderimizi we ähli halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys. Goý, halkymyzy beýik işlere ruhlandyrýan şeýle dürdäne eserleriň höwri köp bolsun!

Gurbangül Bekmämmedowa,

Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň

Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 2NGPYD “B” toparynyň talyby.

 

Ýene-de okaň

Zähmet okuwy – başarnygyň açary

Iňlis diliniň ähmiýeti

Saglyk — bagtyýarlygyň gözbaşy

Iňlis dili – halkara dil

Ata Watan Eserleri

Magtymguly Pyragy — beýik hormata mynasyp ussat

Ýylymyzyň şygary — kalbymyzyň şatlygy