DÜNÝÄ

Magtymguly Pyraga bagyşlanan halkara forum boýunça brifing geçirildi

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumyň jemlerine bagyşlanan brifing geçirildi.

Oňa diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary we işgärleri we Türkmenistanda akkreditlenen halkara guramalaryň wekilhanalary, ýerli we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Brifingde çykyş edenler şu ýylyň 11-nji oktýabrynda Aşgabatda geçirilen forumyň ýerlikliliginiň bellediler. Çykyşlarda nygtalyşy ýaly, akyldar şahyryň hiç haçan ähmiýetini ýitirmeýän döredijiligine bütin dünýäde uly sarpa goýulýar. Onuň eserleri jebisleşdiriji güýç bolup çykyş edýär. Söz ussadynyň eserleriniň daşary ýurt dilleriniň onlarçasyna terjime edilmegi muny aýdyňlygy bilen subut edýär.

Şu nukdaýnazardan, brifingde global ösüşiň möhüm meselelerinde giň we ulgamlaýyn köptaraplaýyn özara täsir etmek üçin halkara hyzmatdaşlyk platformasyny döretmek barada pikir alyşma geçirildi.

Brifingiň dowamynda dünýäniň 24 ýurdunyň wekilleriniň Halkara forumyna, şol sanda döwlet Baştutanlary derejesindäki 10 wekiliýetiň, 8 halkara guramasynyň ýolbaşçylaryna gatnaşandygy bellendi. Forumy beýan etmek üçin daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň 200-den gowrak wekili Türkmenistana geldi.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda geňeşmeler geçirildi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hindistanda saparda bolýar

GDA döwletleri agyr senagaty ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

Saud Arabystanyna 1,5 milliondan gowrak haj zyýaratçysy bardy

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlandy

Ata Watan Eserleri