Täze ýylyň öňüsyrasynda hormatly Prezidentimiziň täze kitaby – «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaby çap çykmagy türkmen halky üçin ajaýyp sowgat boldy.
Düýn hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň we Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda taryhy özgertmeleriň durmuşa geçirilendigini, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşynyň has-da rowaçlanandygyny, türkmeniň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýunyň halkara derejede giňden toýlanandygyny kanagatlanma bilen belledi we şu ýylyň jemlenmegi bilen bagly «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazyp tamamlandygyny habar berdi.
Döwlet Baştutanymyz öz eserinde beýik söz ussadynyň edebi mirasynyň, dünýä medeniýetine goşan ägirt uly goşandynyň, şahyryň ýubileýi bilen bagly geçirilen çäreleriň giňden beýan edilýändigini, şeýle hem ýurdumyzda ýetilen sepgitleriň, gazanan üstünliklerimiziň jeminiň jemlenýändigini nygtap, bu kitabyň mähriban halkymyza mynasyp sowgat boljakdygyny aýtdy.
Hormatly Prezidentimiz «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabyny ýazmak bilen, tutuş türkmen halkyna we daşary ýurtlaryň halklaryna Täze ýylyň bosagasynda örän uly sowgat etdi.
Döwlet Baştutanymyzyň hem-de Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary esasynda 2024-nji ýyl «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçdi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli beýik nusgawy şahyryň döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygyny alamatlandyrýan, parahatçylygyň, ösüşiň binýady bolup hyzmat edýän, halklary we döwletleri birleşdirýän filosofiýasy bütin dünýä ýaň saldy. 2024-nji ýylyň oktýabrynda Aşgabatda guralan halkara forum, şeýle hem ýylyň başyndan bäri Türkmenistanda we daşary ýurtlarda geçirilen halkara çäreleriň ýüzlerçesi munuň aýdyň mysalydyr.
Hormatly Prezidentimiziň Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek hakynda» Kararyna laýyklykda, 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinden Watanymyzda we daşary ýurtlarda beýik söz ussadynyň adamzadyň ruhy medeniýetiniň hazynasyna giren edebi-filosofik mirasyny öwrenmek, bütin dünýäde wagyz etmek boýunça giň gerimli işler alnyp baryldy.
Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi, Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy nusgawy şahyrymyzyň döredijiliginiň dünýä derejesinde ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir. 2024-nji ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygarynyň many-mazmuny halkymyzyň watançylyk ruhuny belende götermäge, ýurdumyzyň şöhratyny, halkara abraýyny ýokarlandyrmaga, ýaşlary päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemäge goşant goşmaga, watandaşlarymyzy täze üstünliklere ruhlandyrmaga gönükdirildi. Gahryman Arkadagymyzyň Magtymguly Pyraga bagyşlap döreden goşgusyndan ugur alnyp, ýylyň şygarynyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy türkmen halkynyň beýik ogluna hem-de onuň baý edebi mirasyna çuňňur hormatyň nyşanyna öwrüldi.
Ýylyň dowamynda ýurdumyzda köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagynda iri halkara çäreler — ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar, döredijilik we wagyz-nesihat çäreleri, brifingler, mediaforumlar, okuw maslahatlary, sergiler, ylmy-amaly maslahatlar, aýdym-sazly dabaralar geçirildi.
Şu ýyl Türkmenistanyň Türkiýe Respublikasyndaky, Azerbaýjan Respublikasyndaky, Ukrainadaky, Özbegistan Respublikasyndaky, Gyrgyz Respublikasyndaky, Koreýa Respublikasyndaky, Gruziýadaky, Russiýa Federasiýasyndaky, Ermenistandaky, Rumyniýadaky, Gazagystan Respublikasyndaky, Eýran Yslam Respublikasyndaky, Ýaponiýadaky, Awstriýa Respublikasyndaky, Fransiýadaky, Hytaý Halk Respublikasyndaky, Birleşen Arap Emirliklerindäki, Beýik Britaniýadaky, Owganystandaky, Täjigistan Respublikasyndaky ilçihanalary we konsullyk edaralary beýik akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan halkara ylmy maslahatlary, orta we ýokary okuw mekdeplerinde umumy sapaklary, mowzuklaýyn duşuşyklary, brifingleri, «tegelek stol» maslahatlaryny, filmleriň görkezilişlerini, sergileri, konsertleri geçirdiler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitaby bolsa, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň özboluşly jemlenmesine öwrüldi.
Bize ähli babatda ýol-ýörelge bolýan, parasatly öwüt-nesihatlaryny berýän, bagtyýar döwrümizden ruhlanyp ýaşamagy sargyt edýän, Watany söýmegiň we oňa hyzmat etmegiň beýik nusgasyny görkezýän Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, röwşen ömürleri uzak, mertebeli başlary belent bolsun, aýdyň maksatly dünýä nusgalyk işleri uly üstünliklere we rowaçlyklara beslensin.
Muhabbet Döwletowa,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymy.