Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlamagynda, hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän, parahatçylyk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine ygrarly Türkmenistan ýurdumyzyň daşary syýasatynyň we diplomatiýasynyň esasy ugurlary hökmünde, häzirki döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine işjeň gatnaşmak, ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy berkitmek, mizemez baý milli mirasymyzy dünýä ýüzüne aýan etmek maksady bilen sebit we dünýä derejesinde konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmek bolup durýar.
Ýokarda agzalan Türkmenistan ýurdumyzyň taryha baý geçmişi bolan türkmen halkynyň mizemez baý milli mirasyny dünýä ýüzüne aýan etmek maksady häzirki wagtda üstünlikli amala aşyrylýar. Edilýän atalyk aladalaryň we başlangyçlaryň üstünlikli amal edilýäniniň, hususan-da türkmen halkynyň beýik akyldary hem görnükli şahyry Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligini öwrenmek we wagyz etmek babatda edilýän işler abraýly halkara guramalaryň, dünýä ýurtlarynyň uly goldawyna eýe bolýandygynyň aýdyň miwesi hökmünde Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip yglan etdi, şahyryň golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegini görkezmek mümkin. Şeýle hem Magtymgulynyň doglan gününiň 300 ýyllygy 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenilip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulandygyny bellemek hem has buýsandyryjydyr.
Bilşimiz ýaly, görnükli akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp 2024-nji ýyl «Pähim paýhas ummany – Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip atlandyryldy. Adatda bolşy ýaly, 2024-nji ýylyň çuň manysyna eýe bolan bu ýylyň çarçuwasynda türkmen halky uludan toýlary belledi, hususan-da 2024-nji ýylyň oktýabr aýynda geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumy ýokarda aýdylanlary gaýtadan tekrarlaýar.
Ýene-de bellemeli wajyp wakalarymyzyň biri hem 2025-nji ýylyň — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji — “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň jemlenmegi bilen baglylykda, “Magtymguly — dünýäniň akyldary” atly kitabynyň çapdan çykmagydyr. Bu kitap edil türkmen halky üçin bolşy ýaly, eýsem daşary ýurtly Magtymgulyşynaslar üçin hem uly bir serpaýdyr. Bu hem, hakykatdan-da, beýik akyldarymyzyň baý mazmunly beýik mirasy türkmen döwletiniň daşary syýasatynyň esasyny kesgitleýändigini subut edýär.
Bu gymmatly kitabyň ilkinji sahypalarynda akyldaryň döredijiliginiň we durmuş ýolunyň ylmy esasda öwrenilişi, pähim-paýhasly şygyrlarynyň dünýäde parahatçylygy pugtalandyrmakdaky ähmiýeti, “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” diýen ajaýyp şygara beslenen 2024-nji ýylda beýik söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllyk şanly senesine bagyşlanyp geçirilen halkara çäreler barada söhbet edilýär. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň halkymyza sowgat eden nobatdaky kitaby ylmyň we çeper edebiýatyň muşdaklaryna, Magtymgulynyň edebi mirasyny öwrenijilere hem-de giň jemgyýetçilige niýetlenilendir.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize galamlarynyň ýiti bolmagyny, janlarynyň sag, başlarynyp dik bolmagyny, alyp barýan umumyadamzat ähmiýetli başlangyçlarynda üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýäris.
Şemşat Allamyradowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
rus dili we edebiýaty mugallymy