MEDENIÝET

Luwr muzeýi onlaýn tomaşaçylary bilen meşhurlyk gazandy

Fransiýanyň paýtagty Pariž şäherinde ýerleşýän dünýä belli Luwr muzeýi koronawirus sebäpli onlaýn görnüşde tomaşaçylara açylypdy. Onlaýn görnüşde soňky 71 günüň dowamynda 10,5 million adam bu muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyşmak mümkinçiligine eýe boldy.

“Covid-19” wirusy sebäpli myhmanlar üçin ýaplan bu muzeýe 12-nji martdan 22-nji maý aralygynda onlaýn görnüşde iň köp tomaşaçy ABŞ-dan boldy.

Onlaýn myhmanlar sanawynda hytaýlylar amerikalylardan soňra ikinji orunda durýar.

Degişli döwürde muzeýiň resmi internet sahypasyna abuna ýazylanlaryň 9 milliona ýeten bolsa, “Instagram” hasabynyň abonentleriň sany 4 milliondan geçdi.

Geçen ýylyň şu aralykda 14,1 million syýahatçy Luwr muzeýine gelip görüpdi.

Ýene-de okaň

Halkara zenanlar güni mynasybetli baýramçylyk konserti

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Halkara zenanlar güni mynasybetli geçiriljek dabaralar

Aşgabatda Hytaýyň Bahar baýramyna bagyşlanan dabaralar geçirildi

«Kompozitor» kinofilminiň nobatdaky halkara baýragy

«Kompozitor» atly film TÜRKSOY tarapyndan ýörite baýraklara mynasyp boldy

16-22-nji fewral: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty