SIZDEN GELENLER

Logistika…

Önümçilik gatnaşyklarynyň kämilleşýän hem-de sarp edijileriň islegleriniň barha ýokarlanýan döwründe logistikanyň orny örän uly bolup durýar. Elbetde, logistikany ösdürmeklik uly ähmiýete eýedir. Oba hojalygynda ýa-da senagat kärhanalarynda öndürilen önümler ahyrky sarp ediş nokatlaryna zerur wagtda eltilip berilse, onda önümçiligiň ykdysady netijeliligi has-da ýokarlanýar. Emma taýýar edilip goýulan önümler ýa-da harytlar ahyrky nokada gerekli wagtynda eltilmese birnäçe ýitgileriň ýüze çykmagyna hem-de önümçilik döwürleriniň hereketiniň bozulmagyna we önümçiligiň aýlawynyň haýal geçmegine getirip biler.

Logistika – bu harytlary öndürilen nokadyndan ahryky sarp edijilere çenli netijeli daşamak we saklamak hem-de olary meýilnamalaşdyrmak boýunça işleri öz içine alýar. Logistikanyň maksady müşderileriň talaplaryny öz wagtynda hem-de ýokary hilli kanagatlandyrmak bolup durýar.

Häzirki wagtda logistika düşünjesi täjirçilik işlerinde uly meşhurlyga eýe bolýar. Kärhanalaryň we daşary ýurt kompaniýalaryň aglabasy önüm öndürijiler, bölek söwda işi bilen meşgul bolýan taraplar we beýleki pudaklar üçin zerur gerek bolan önümçilik serişdelerini daşamaklygyň esasynda logistika bilen meşgul bolýarlar. Şol kärhanalaryň ýa-da kompaniýalaryň käbirleri ýük daşaýan uçarlarda, awtoulaglarda, demir ýollarda hem-de deňiz ýollarda harytlary üpjün edijiden satyn alyja ýetirmeklik bilen degişli infrastrukturany ýerine ýetirýärler.

Ulag ulgamynyň netijeli dolandyrylyşy, bölek-satuw ýerleriniň we müşderileriň arasynda harytlary ýola goýmaklygy guramak hem-de ulag ulgamyny meýilleşdirmek, ony optimallaşdyrmak logistikanyň esasy wezipesi bolup durýar.

Logistika kompaniýalary, adatça, transport bilen baglanyşykly logistika talaplaryny kanagatlandyrmak üçin “transport dolandyryş ulgamy”  ( TMS ) diýlip atlandyrylýan programma üpjünçiligini ulanýarlar.

Üznüksiz talap edilýän bukjalary öz wagtynda eltip bermek üpjünçilik zynjyrynyň dowamynda elmydama möhüm ähmiýete eýe bolsa-da, soňky ýyllarda birmeňzeş söwda ýa-da smartfonlardan sargyt edilen önümleri bölekleýin eltip bermek bilen, köpçülikleýin söwda has möhüm ähmiýete eýe boldy.

Üpjün edijiler, öndürijiler we bölek satyjylar dürli harytlaryň has çalt, amatly eltilmegine bolan islegi kanagatlandyrmak üçin logistika amallaryny kämilleşdirýärler.

 Abadan Hanmedowa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

 

13-nji aprel ýyldyzlar näme diýýär? Gündelik Täleýnama

Ýene-de okaň

Nebitgaz pudagy — ykdysadyýetiň daýanjy

Bilim ulgamynda halkara hyzmatdaşlygy işjeň ösdürilýär

Milli telekommunikasiýa ulgamy – döwrebap ösüşler

Bilimli ýaşlar – geljegiň binýady

Döwrebap ösüşde dil ylmynyň ähmiýeti

Dil – uly baýlyk