SPORT

Lionel Messi “Barselona”-da galýar

Argentinanyň milli ýygyndysy bilen Kopa Amerika kubogyny gazanan Lionel Messi Ispaniýanyň “Barselona” toparynda galar. Onuň iýul aýynda topary bilen şertnamasy tamamlanypdy we ol erkin futbolçy bolupdy.

Onuň özüni futbol dünýäsiniň çür depesine çykaran “Barselona” toparynda galyp-galmajakdygy näbellidir. Messi hem Kopa Amerika çempionatyndan soňra kararyny bermegi meýilleşdirdi.

Ol Argentina ýygyndysy bilen Kopa Amerika çempionatynda çempion bolmak bilen özüniň futbol dünýäsindäki ýene-de bir iň ýokary üstünligini gazandy. Kopa Amerika çempionatynyň iň gowy hem-de iň netijeli futbolçysy saýlanan Messi “Barselona” topary üçin hem uly ýeňillik döretdi.

Metbugat gulluklarynyň habar bermegine görä, Messi “Barselona” topary bilen ylalaşdy. Ýyldyz futbolçy bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşylar. Messi 2026-njy ýyla çenli “Barselona” toparynda täze üstünlikleri gazanmagy dowam etdirer.

Şeýle hem ol öz zähmet hakyny hem 50 göterim azaltmak barada karara geldi. 34 ýaşyndaky Messi 39 ýaşyna çenli bu toparda oýnamgy dowam etdirer.

6 gezek “Ballon d’Or” baýragyny gazanan Messi 2004-nji ýyldan bäri “Barselona” toparynyň esasy düzüminde çykyş edip gelýär. Messi “Barselona” topary bilen gol çekişen ozalky 5 ýyllyk şertnamasy esasynda 550 million ýewro gazandy. Ol hem onuň ýyllyk girdejisi 75 million ýewro deň boldy.

Messini toparda saklamak üçin “Barselona”-nyň ýolbaşçysy birnäçe oýunjylaryny satdy.

1-nji iýulda şertnamasy tamamlanan Messi bilen Fransiýanyň “PSŽ”, Angliýanyň “Mançester Siti” hem-de Italiýanyň “Inter” toparlary gyzyklanypdy.

Messi täze şertnamasy esasynda ýyllyk 32 million ýewro gazanar.

 

Ýewro-2020-niň iň gowy we owadan goly saýlandy

Ýene-de okaň

FIFA-nyň hünärmenleri Aşgabatda okuw-maslahatlaryny geçirýärler

UEFA Çempionlar ligasynyň garaşylmadyk netijeleri

Türkmen futbolçysy Gyrgyzystanyň çempionynyň düzüminde çykyş eder

“Mançester Siti” Angliýanyň milli ýygyndysynyň goragçysyny transfer etdi

Senegal Afrika milletler kubogyny gazandy

Los-Anželes 2028 Olimpiýa oýunlarynyň biletleri satylyp başlaýar

Dr.Döwran Orazgylyjov