SIZDEN GELENLER

Liliýa ösümligi

Tebigaty bezeýän we adamyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrýan ajaýyplyklaryň birnäçesi bardyr. Şolaryň biri hem suwda ösüp ýetişýän liliýa ösümligidir.

Suwda ösýän liliýa ösümligi özüniň ýapraklary hem-de güli bilen birlikde suwuň ýüzünde ösüp oturýar, onuň güli 30 santimetre çenli ösüp bilýär. Bu ösümligiň ýapraklary ýaşylymtyl reňkde bolup, olaryň ululygy 20 santimetrden gowrakdyr.

Suwda ösýän liliýa güli tropiki sowuk howa şertlerinde has gowy ösüp bilýär. Onuň ak we gülgüne gülleri bardyr. Liliýanyň gülleri örän owadandyr. Bu ösümligiň ösýän döwrüne ol azyndan 6 sagat Günüň şöhlesini talap edýär. Şeýle ýagtylyk şöhlesi bolmadyk ýagdaýynda onuň käbir görnüşleri güllemeýärler.

Adamyň ruhy dünýäsini has-da baýlaşdyrýan liliýa ösümliginiň hakyky gözelligi suwuň üstünde ýerleşýär. Suwuň aşagynda bolsa diňe bir geň galdyryjy baldaklar bardyr. Bu ösümligiň suwasty baldaklarynyň boýy azyndan 10-15 santimetr bolýar.

Emeli şertlerde hem bu ösümligi ösdürip ýetişdirip bolýar. Olary 60 santimetr we ondan hem ulurak küýzelere suw guýup, ösdürmek mümkindir. Bu ösümlik örän özüne çekijidir.

Suwda ösýän liliýa güli zyýan beriji mör-möjeklere we kesellere has-da durnuklydyr.

Mähri Erkeşliýewa,

S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň talyby.

 

Bangkok şäheriniň ady üýtgedilýär

Ýene-de okaň

Energetika howpsuzlygy-durnukly ösüşiň kepili

Nebitgaz pudagy – ykdysadyýetiň daýanjy

Ata Watan Eserleri

Telekeçiligi ösdürmek – esasy ugur

Bedewler – türkmeniň buýsanjy

Ylym-bilim – bagtyýar geljegiň şamçyragy

Türkmeniň keçe sungaty – taryhy sungat

Ata Watan Eserleri