SPORT

Lihtştaýner futboly taşlady

Şweýsariýa futbol federasiýasynyň resmi web sahypasyda “Ýuwentusyň” we “Arsenalyň” öňki goragçysy Ştefan Lihtştaýner özüniň futbol ýoluny tamamlandygyny habar berdi.

“Eziz janköýerlerim üçin şu wagta çenli ýürekden hoşlaşmak we mähirli gujaklaşmak. Sag boluň! “- diýip, 36 ýaşly futbolçy ýazdy.

Lihtştaýner: “Grasshopper”, “Lill”, “Lazio”, “Ýuwentus”, “Arsenal” we “Augsburg” toparlarynda oýnady. Topar derejesinde 17 kubok gazandy, şol sanda “Ýuwentus” bilen 7 gezek liganyň çempiony boldy. Şweýsariýanyň milli ýygyndysy üçin futbolçy 105 oýun oýnady we 8 pökgi geçirdi we “Ýewro 2008”, “Dünýä çempionaty 2010”, “Dünýä çempionaty 2014”, “Ýewro 2016 we Dünýä çempionaty 2018-de” çykyş etdi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler