SPORT

Leroý Sane Watanyna dolanýar

Germaniýanyň raýaty bolan we häzirki wagtda Angliýanyň “Mançester Siti” toparynyň ýarymgoragçysy Leroý Sane ýakyn wagtda Watanyna dolanyp geler. Germaniýanyň “Bawariýa” topary bu futbolçy bilen ylalaşyk gazandy. Sane bilen 5 ýyllyk şertnama baglaşmagyň göz öňünde tutulýandygy habar berilýär. Bu transferiň bahasy 40 million bilen 60 million ýewro aralygynda üýtgäp biler.

“Mançester Siti”-niň wekilleri bilen gepleşikleriň henizem dowam edýändigi mälim edildi. Germaniýanyň “Bild” gazetiniň habaryna görä, “Bawariýanyň” degişli ýolbaşçylaryndan Oliwer Kan we Hasan Salihamidziç  Saneniň toparyň düzümine goşulmagyny tassykladylar.

Leroý Sane 2016-njy ýylda Germaniýanyň “Şalke” toparyndan Angliýanyň “Mançester Siti” toparyna geçipdi. Şonda iňlis topary bu futbolçy üçin 52 million ýewro töläpdi.

Ýene-de okaň

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2026: möwsümiň öňüsyrasy toparlar düzümlerini güýçlendirdiler