JEMGYÝET

      Leonardo Di Kaprio 43 million dollar bagyş eder

      Golliwudyň ýyldyzy Leonardo Di Kaprio Galapagos adalaryny gorap saklamak işlerine 43 million dollar bagyş etjekdigini habar berdi. Di Kaprio: “Galapagos adalaryna baryp görenimde, Ekwadorda planetamyzyň çalşyp bolmajak ýerlerinden birini goramak üçin gije-gündiz işleýän daşky gurşaw gahrymanlary bilen tanyşdym. Ýabany janlylar bütin dünýäde ýitip barýar. Ýabany ýerleriň dörtden üç bölegi weýran boldy. Galan 1 milliondan gowrak görnüşi ýok bolmak howpy astynda. Aýgytly hereket etmesek, ýakyn onýyllykda dünýäniň galan ýabany janlylarynyň ýarysyndan gowragy ýok bolar”

Bagyş ediljek 43 million dollar, ýitip gitmek howpy abanýan 54 görnüşiň ýaşaýan Floreana adasyny guramak ýitip giden 13 görnüşi ada getirmek üçin ulanylar. Mundan başga-da, gülgüne iguanalaryň ýok bolup gitmeginiň öňüni almak we Galapagosyň deňiz baýlyklaryny adam eko-syýahatçylygynyň täsirlerinden goramak çärelerine gönükdiriler.

Iňlis dilindäki nädogry işlikleri özleşdirmegiň usullary

 

 

Ýene-de okaň

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri

Hytaýyň ilçisi: Hytaý jemgyýetinde türkmen diline bolan ünsi artýar

Halkara guramalarynyň wekilleri Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglanar

Ilçi Szi Şumin: ahalteke bedewi türkmen we hytaý dostlugynyň nyşanydyr

Szi Şumin: türkmen-hytaý gaz hyzmatdaşlygyna 20 ýyl doldy

Türkmenistanyň ÝB ýurtlary bilen söwda dolanyşygy 2,1 milliard dollara deň boldy