Ertir ― 23-nji aprelde Lebap atçylyk sport toplumynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaralaryň bir bölegi geçiriler. Toplumda eýýäm birnäçe aýdan bäri bu dabaralary ýokary derejede geçirmek üçin uly taýýarlyk görüldi ― diýlip, «Türkmenistan» gazetiniň habarynda aýdylýar.
Toplumyň çäginde 200 ata niýetlenen athanada diwarlar reňklenip, atýataklarynyň mümkinçilikleri ozalkysyndan ep-esli artdyryldy. Bu ýerde diňe bir bedewler üçin däl, eýsem, çapyksuwarlardyr seýisleriň dynç almagy üçinem ähli şertler bar.
Çapuw ýodasynyň we merkezi meýdanyň durkuny täzelemek işlerini «Berk ýol» hojalyk jemgyýetiniň işgärleri alyp bardylar. Lebap atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasy we merkezi meýdan boýunça işler bu hojalyk jemgyýetine gündogar sebitde ynanylan ilkinji taslamadyr. 600-e golaý hünärmen özlerine bildirilen belent ynamy ödemek üçin bu ýerde gije-gündiz zähmet çekdi.
Çapuw ýodasyna politrek örtügini düşeldi. Bu örtük Angliýadan ýörite getirildi. At çapyşyklaryny şeýle örtükli ýodada geçirmegiň bähbitli taraplary eýýäm paýtagtymyzdaky toplumlarda döwrüň synagyndan geçdi.
«Berk ýol» hojalyk jemgyýetiniň hünärmenleri çapuw ýodasyny germewler bilen üpjün etmek, suwaryş ulgamyny çekmek ýaly işleri hem amala aşyrypdyrlar. 15 gektara golaý giň meýdanyň daşyndan aýlanýan goşa ýodany suwlamak üçin bir çetde 250 kub metrlik howuz gazylypdyr. Merkezi meýdan bolsa dolulygyna emeli ot örtüginde. Gyşyn-ýazyn ýaşyl öwüsýän meýdan kämil ulgamlar arkaly suwarylýar. Onuň daş-töwereginde bolsa iň döwrebap çyralar bilen üpjün edilen alty sany ýagtylandyryş sütüni dikilipdir. Çapuw ýodalaryny we meýdany ýagtyltmak üçin tomaşaçylar münberiniň üstündäki çyralardan-da peýdalanylýar. Ýerli gurluşykçylardyr goňşy welaýatlaryň gurluşyk kärhanalarynyň wekilleri toplumyň derwezesinde, amfiteatrda, konkur merkezinde, münberlerde, VIP böleginde we ýanaşyk desgalaryň ählisinde düýpli abatlaýyş we täzeleýiş işlerini geçiripdirler.