BIZNES

Lebap welaýatynyň ykdysadyýeti 2026-njy ýylyň 3 aýynda ýokary ösüş depginini görkezdi

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow 10-njy aprelde Türkmenabat şäherinde geçirilen Hökümetiň göçme mejlisinde Lebap welaýatyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — mart aýlarynda alnyp barlan işler barada hasabat berdi.

Hasabat döwründe welaýat boýunça senagat önümçiligi, geçen ýylyň degişli döwrüne garanyňda, 0,2 göterim artdy. Çörek we çörek önümleriniň öndürilişinde 0,8 göterim, unuň öndürilişinde 13,9 göterim, gök önümlerde 28,9 göterim, miwelerdir ir-iýmişlerde 8,8 göterim, süýt önümçiliginde 3,1 göterim, ýumurtganyň öndürilişinde 2,4 göterim, gaplanan miweleriň we gök önümleriň öndürilişinde 2,1 göterim ösüş gazanyldy. Welaýatyň çäginde ulagyň ähli görnüşleri boýunça ýük dolanyşygy 3,9 göterim artdy, ýolagçy dolanyşygy 0,6 göterim ýokarlandy. Sebitde bölek satuw haryt dolanyşygy, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,3 göterim artdy. Şu ýylyň üç aýynda Lebap welaýatynyň ýerli býujetiniň girdeji böleginiň meýilnamasy 113,4 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 98,8 göterim ýerine ýetirildi.

Şu ýylyň birinji çärýeginde welaýatda ýerleşýän bank şahamçalary tarapyndan girdeji meýilnamasy 124 göterim ýerine ýetirildi.

Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň, şol sanda Lebap welaýatynyň durmuş-ykdysady ösüşini ýokarlandyrmak, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz wise-premýere şu ýyl göz öňünde tutulan maýa goýumlaryň öz wagtynda özleşdirilişini gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Ýene-de okaň

Şu ýyl Lebap welaýatynda 8 desganyň açylmagyna garaşylýar

Farap etrabynda täze söwda bazary gurlar

«Şabat» türkmen-özbek serhetýaka söwda merkezinde söwda dolanyşygy ýokarlanýar

Yslamabatda türkmen-pakistan işewürlik hyzmatdaşlygynyň geljegi maslahatlaşyldy

Türkmenistan Malaýziýada geçirilen “OTC Asia 2026” halkara maslahatyna gatnaşdy

Türkmenistan öz önümlerini «Kazan Halal Market» halkara ýarmarkasynda hödürlär