IŞ ORUNLARY & TENDERLER

Lazer şöhlesi bilen bezemek boýunça bäsleşik

Türkmenistanyň Merkezi bankyna degişli bolan, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugrunda ýerleşýän 81-nji ýaşaýyş jaýynyň daş ýüzünde dürli reňkli döwrebap led (animasiýaly öwüşginli) çyralaryny satyn almak we gurnatmak, şeýle hem lazer şöhlesinden çekilen şekiller bilen bezemek boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär. Bu barada “Aşgabat” gazetinde degişli bildiriş çap edildi.

Bäsleşigiň tehniki häsiýetnamasyny almak boýunça Aşgabat şäheriniň Bitarap Türkmenistan şaýolunyň 36-njy salgysynda ýerleşýän Türkmenistanyň Merkezi bankyndan duşenbe  şenbe günleri 9:00-dan 18:00-a çenli alyp bilersiňiz.

Arakesme wagty sagat 13:00-dan 14:00-a çenli.

Bäsleşik boýunça teklipler bildiriş çap edilen gününden başlap 30 (otuz) iş gününiň dowamynda hökmany ýagdaýda ýapyk bukjada kabul edilýär.

Habarlaşmak üçin telefonlar: 38-12-37, 38-10-27, 38-10-25, 56-80-18.

 

Ýene-de okaň

Türkmenbaşy şäheriniň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Baýramaly etrabynyň çäginde ýerleşýän kärhanalarda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Mary welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Lebap welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Balkan welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär

Ata Watan Eserleri

Daşoguz welaýatynda boş iş orunlary hödürlenýär