DÜNÝÄ

Laos Wladimir Putine pil sowgat berdi

Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin bilen Laosyň Prezidenti Thonglun Sisulit Kreml köşgünde duşuşdylar. Laosyň Prezidenti Russiýada resmi saparda boldy.

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky syýasy, söwda-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer ugrundaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Geçen ýyl iki ýurduň arasyndaky söwdanyň möçberi 66 göterim ýokarlandy. Şu ýylyň 5 aýynda bu görkeziji 20 göterim artdy.

– Siz biziň ýurdumyzy gowy tanaýarsyňyz. Sizi Russiýanyň ýakyn dosty hasaplaýarys. Siz Russiýadaky Gersen adyndaky Peterbugryň pedagogika institutyny tamamladyňyz – diýip, Wladimir Putin belläp geçdi we Laosyň Premýer-ministrini sentýabr aýynda Russiýada geçiriljek Gündogar ykdysady foruma gatnaşmaga çagyrdy.

Öz gezeginde Laosyň Prezidenti Thonglun Sisulit Russiýa pil jübütini sowgat etmek isleýändigini aýtdy.

– Russiýa bilen Laosyň arasynda ýola goýlan diplomatik gatnaşyklaryň 65 ýyllygy mynasybetli Laosyň hökümeti we halky Size, Russiýa Federasiýasyna pil jübütini sowgat eder – diýip, Laosyň Prezidenti belledi.
Piller Laosyň nyşanydyr, şeýle hem olar parahatçylygyň we abadançylygyň simwoly hasaplanýar.

Ýene-de okaň

Millionlarça yzarlaýjysy bolan influenser Ýuji Beleza Türkmenistanyň çäresine gatnaşar

Dr.Döwran Orazgylyjov

Gazagystanda täze konstitusiýa boýunça sala-salyşlyk geçirilýär

Pekinde türkmen–hytaý maýa goýum forumynyň tanyşdyrylyşy geçirildi

Russiýanyň Daşary işler ministrligi türkmen ilçisine täze wezipesinde üstünlik arzuw etdi

Türkmenistan Halkara Deňiz Guramasynyň konwensiýalaryna goşular

Türkmenistan bilen Özbegistan migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygy maslahatlaşdy