JEMGYÝET

«Kudo Kudo» türk fastfud restorany: Aşgabatda täze şahamçasyny açdy

Merkezi edara binasy Türkiýe Respublikasynyň Stambul şäherinde ýerleşýän «Kudo Kudo» fastfud restorany Türkmenistandaky ornuny barha berkidýär. Bu fasfud restoranynyň Aşgabat şäherindäki täze şahamçasy işläp başlady.

Şeýlelikde, towuk etinden taýýarlanan tagamlar 3 sany şahamçada – ýagny «Aşgabat Mall» – söwda we dynç alyş merkezinde, «Syýahat» myhmanhanasynyň 1-nji gatynda hem-de Mary welaýatynda öz müşderilerine hyzmat edýär.

Häzirki wagtda Liwiýa, Katar, Irak, Saud Arabystan, Birleşen Arap Emirlikleri, Malaýziya, Azerbaýjan, Russiýa, Türkiýe Respublikasy ýaly dünýäniň birnäçe döwletlerinde 50-den gowrak şahamçasy hereket edýän bu restoranyň tagamlary müşderileriň söýgüsini gazanmagy başardy.

Ýakyn wagtlarda bu brendiň restoranlary Belarus Respublikasynda, Gazagystan Respublikasynda, Gyrgyz Respublikasynda, Gruziýada hem-de Senegalda açylmagy meýilleşdirilýär.

«Kudo Kudo» restoranynyň paýtagtymyzdaky “Syýahat” myhmanhanasynyň 1-nji gatynda ýerleşen täze şahamçasynyň açylyş dabarasy hem köp adamly boldy. Oňa gatnaşanlar dürli görnüşli tagamlardan agşamlyk naharyny edinmek bilen, olara ýokary baha berdiler.

Restoranyň tagamlarynyň sanawynyň esasyny towuk etinden taýýarlanan dürli görnüşli naharlar düzýär.

Restoranyň täze şahamçasynyň salgysy:

Görogly köçesi, 139/1, “Syyahat” myhmanhanasynyň 1-nji gaty.

Telefon belgileri: +99363 26 45 16

                            +99371 55 51 80

Ýene-de okaň

Türk ministri: türkmen gazy 1,5 million hojalygyň zerurlyklaryny üpjün eder

Oraza aýy-2025 : Agyz beklenýän we açylýan wagtlar

Arkadag şäherinde 5G” tehnologiýasynyň işi ýola goýlar

Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherinde “4G+” internet ulgamynyň işine ak pata berdi

Türkmenistanda 2026-2028-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň täze resminamasy kabul ediler

Türkmen halkynyň Milli Lideri BAE-niň wise-prezidenti bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri