SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

“Kowid pasporty” ulanyşa girizilip bilner

Beýik Britaniýanyň hökümeti “Kowid pasportyny” ulanyşa girizmegiň mümkinçiliklerini öwrenýär. Bu barada “The Sunday Times” neşiri habar berýär.  Bu resminamany koronawirusa garşy sanjym edilenlere bermek göz öňünde tutulýar.

Bu pasportuň eýeleri ýurduň çäginde dowam edýän köp sanly çäklendirmeler döwründe erkin hereket edip biler. Bu resminamany döretmek baradaky teklibi ýurduň ozalky saglygy goraýyş ministri Jeremi Hant beripdi. Onuň pikirine görä, Birleşen Patyşalygy sanjymdan we tutuş ilaty her aý synagdan geçirmek guramaçylygy ýola goýlandan soň adaty durmuşa gaýdyp geler.

“Kowid pasportyny” döretmek pikiri ýurduň Premýer-ministri Boris Jonson tarapyndan parlamentde täzeden garalmaga hödürlener. Şeýle hem hökümet başlygy karantin çäreleri barada hem maglumat berer. Roždestwo baýramçylygy döwründe çäklendirmeleriň birneme gowşadylyp, soňra täzeden güýçlendirilmegine garaşylýar.

 

Ata Watan Eserleri Sahypamyz

Saýtymyzyň döredijilik topary tarapyndan geçirilip gelinýän bäsleşikler boýunça degişli makalalary we habarlary “Ata Watan Eserleri” sahypamyzdan okap bilersiňiz. Bäsleşiklere gatnaşan eserleriň ählisi saýtymyzyň bu sahypasynda ýerleşdirildi.

 

Ýene-de okaň

Saglygy goraýyş çygrynda türkmen-gruzin hyzmatdaşlygy pugtalanýar

THY: Aşgabat-Stambul gatnawlarynyň sanyny hepdede 17-ä çykaryldy

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler