MEDENIÝET

Kosmosdaky ilkinji film üçin uçuş başlaýar

Älem giňişliginde surata düşüriljek ilkinji kino üçin kosmosa gitmäge rugsat berildi. Bu filmi surata düşürjek rus kinorežissýor Klim Şipenko we aktrisa Ýuliýa Peresild “Soýuz MS-19” kosmos gämisiniň komandiri Anton Şkaplerow bilen kosmosa çykar.

“Roskosmos” edarasynyň ýolbaşçylary “Çagyryş” atly filmi üçin kosmos giňişligine çykjak toparyň uçuşyna älem giňişligi boýunça uçuşlara rugsat berýän komissiýadan ygtyýarnama alnandygyny mälim etdi.

kinooperator Alekseý Dudin we aktrisa Alýona Mordowina dagy hem kosmos giňişligine çykjak adamlaryň sanawynda ornuny aldy.

Film toparyny Halkara kosmos stansiýasyna äkitjek “Soýuz MS-19” gämisiniň 17-nji oktýabrda Ýere gaýdyp geljekdigi habar berildi.

 

Kosmosda surata düşüriljek ilkinji çeper film

Ýene-de okaň

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi

Dünýä belli aktýor Çak Norris aradan çykdy

“Oskar-2026” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda Milli bahar baýramy ýokary derejede bellener

Aşgabatda «Iň eýjejik gyzjagaz — 2026» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi