SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronawirus ýokanjy (COVID-19) näme?

Biziň hemmämize mälim bolşy ýaly, 2019-njy ýylyň dekabr aýynda – Hytaý Halk Respublikasynyň Uhan şäherinde (Hubeý prowinsiýasy) – koronawirus maşgalasynyň soňky açylan wirusynyň döredýän keseli ýüze çykdy we hasaba alyndy. Şol wagta çenli bu wirus we onuň döredýän keseli barada hiç-hili maglumat ýokdy.

Keseliň ilkibaşdaky ady – 2019-nСoV. 2020-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda   Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň (BSGG) Baş direktory, adatdan daşary ýagdaýlar boýunça Komitetiň maslahatlaryna eýermek bilen, Halkara Saglygy goraýyş-arassaçylyk Düzgünlerine laýyklykda, bu kesel hadysasyny jemgyýetçilik saglygy goraýyş ulgamynda halkara ähmiýetli adatdan daşary ýagdaý diýip yglan etdi.

2020-nji ýylyň 11-nji fewralynda  Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasy tarapyndan täze dörän kesele – COVID-19 (“Coronavirus disease 2019”)  diýlen resmi ady bellenildi.

2020-nji ýylyň 11-nji martynda bolsa, BSGG-nyň Baş direktory d-r  Tedros Adhanom Ghebreyesus COVID-19 ýaýramagy bilen baglanyşykly ýagdaýy pandemiýa (ýurtlaryň, kontengentleriň arasynda ýokanç keseliň güýçli ýaýramagy) hökmünde häsiýetlendirip bolýar diýip,  yglan etdi.

Ýiti öýken sowuklama keselini dörediji koronawirus ýokanjynyň etiologiýasy

Koronawiruslar (Coronaviridae) – bu düzüminde RNK saklaýan wiruslaryň maşgalasyna degişli bolup,  adamlarda we  haýwanlarda kesel döredip bilýän wiruslardyr. Häzirki wagtda wirusyň gelip çykyşy alymlar tarapyndan içgin öwrenilýär.

Çeşme : http://saglykhm.gov.tm

beýleki habarlar

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi: Maska dakmak we howpsuz aralygy saklamak

«Altyn asyr» Gündogar bazarynyň işi wagtlaýyn çäklendirilýär

Türkmenistan: Koronawirusyň täze görnüşiniň pandemiýasy

Wirusa garşy derman serişdeleri satyn alynar

Пресс-Релиз :Коронавирус

Lukmançylyk agyz-burun örtüklerini (maska) ullanmak

COVID19 : Aşgabatda BSGG-nyň ÝSE-nyň wekiliýeti bilen gepleşikler

Otly gatnawlary wagtlaýyn duruzulýar

Ýene-de okaň

«Galkynyş» topary Awazada dynç aldy

Türkmenistanyň metbugat wekilleriniň Türkiýedäki tanyşdyryş sapary

Aşgabat-Türkmenbaşy ugry boýunça goşmaça awtobus gatnawy ýola goýuldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan Ženewada BSGG-niň Assambleýasyna gatnaşdy

Özbegistan Bahreýn, Kuweýt we Oman üçin wizany ýatyrýar

Aşgabat-Almaty uçar gatnawlaryny täzeden ýola goýmak meýilleşdirilýär