JEMGYÝET

Koreý kompaniýasy Türkmenistanda 682 million dollarlyk dökün toplumyny gurýar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bilen Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Li Çže Mýonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga aýratyn ünsi çekdi.

Köp ýyllaryň dowamynda “Hyundai”, “Daewoo”, “LG” ýaly öňdebaryjy koreý kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygyň oňyn tejribesi toplandy.

Bu kompaniýalaryň gatnaşmagynda ýurdumyzda dürli taslamalar, hususan-da,

  • Balkan welaýatynda bahasy 3 milliard 400 million amerikan dollaryndan gowrak bolan, ýylda 386 müň tonna polietilen hem-de 81 müň tonna polipropilen öndürýän gazhimiýa toplumynyň,
  • “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň çäklerinde bahasy 1 milliard 484 million amerikan dollaryndan gowrak bolan, ýylda 10 milliard kub metr harytlyk gazy kükürtden arassalaýan zawodyň taslamalary durmuşa geçirildi.
  • Şeýle hem Türkmenabatdaky S.A.Nyýazow adyndaky himiýa zawodynda bahasy ABŞ-nyň 682 million dollaryna deň bolan, ýylda 350 müň tonna superfosfat, 100 müň tonna ammoniý sulfaty dökünlerini öndürýän toplumyň taslamasyny muňa mysal hökmünde görkezmek bolar.
  • Şu nukdaýnazardan, dostlukly ýurduň Baştutany koreý kompaniýalaryna türkmen bazarynda netijeli işlemäge döredilýän amatly şertler üçin hormatly Prezidentimize hoşallyk bildirdi.

Medeni-ynsanperwer ulgam döwletara gatnaşyklarda aýratyn orny eýeleýär. Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde koreý dili öwredilýär, özara Medeniýet günleri, beýleki medeni çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, söhbetdeşler bu ugurda hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiligiň bardygyny nygtadylar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Azerbaýjanda gurjak metjidiniň düýbi teleköpri arkaly tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri TDG-niň sammitinde çykyş etdi

Azerbaýjanda Türkmenistan tarapyndan guruljak metjidiň düýbi tutuldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Azerbaýjanyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Türki Döwletleriň Guramasynyň sammitine gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Hatyra güni mynasybetli çärä gatnaşdy

Ata Watan Eserleri