SIZDEN GELENLER

Köller – durmuş üçin zerur suw çeşmesi

Köller baradaky gyzykly maglumatlar dünýä geografiýasy barada has köp zat öwrenmek üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Gidrosferanyň möhüm bölegini görkezýän dürli ululykda bolup biler. Olaryň köpüsi adamlaryň we haýwanlaryň durmuşy üçin zerur süýji suw çeşmesidir.

Şeýlelikde, köller hakda iň gyzykly maglumatlar:

  • Kölleri öwrenýän ylma limnologiýa diýilýär.
  • Häzirki wagtda dünýäde takmynan 5 million köl bar.
  • Baýkal dünýädäki iň uly we iň çuň köldür. Onuň meýdany 31,722 km², iň çuň nokady 1642 m.
  • Gyzykly maglumat, Nikaragua suwunda akula bolan ýeke-täk köldür.
  • Ýaponiýanyň Maşu kölüniň suwlary arassalykda Baýkal kölüniň suwlary bilen bäsleşip biler. Arassa howada, çuňlugy 40 metre çenli görünýär.
  • Ýer togalagynda ýerleşýän iň beýik köli Titikaka – deňiz derejesinden 3812 metr beýiklikde ýerleşýär.
  • Finlýandiýanyň çäginiň takmynan 10% -ni kölleri eýeleýär.
  • ABŞ-nyň Minnesota ştatynda 150-den gowrak köle “Uzyn köl” diýilýär.
  • Ýer şaryndaky kölleriň umumy meýdanynyň 2,7 million km²-dir.
  • Indoneziýada biri-birine golaý ýerleşýän 3 köl bolup, olar suwunyň reňkleri bilen tapawutlanýar. Olar mawy, gyzyk we gara reňkdedir. Bu hem kölleriň wulkan kraterinde ýerleşýändigi bilen düşündirilýär.
  • Awstraliýada Hillier kölüniň gülgüne suwdan doldurylandygyny görüp bilersiňiz. Suwuň şeýle üýtgeşik reňkiniň sebäbi alymlar üçin henizem syr bolup galýar.
Gurbangeldi Kulyýew,
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyñ mugallymy.
https://www.atavatan-turkmenistan.com/yurdumyzda-yene-de-bir-bilim-ojagy-doredilyar/

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty