Ylym-bilimi bolsa kitaplar arkaly has özleşdirip bilýäris. Kitap hiç wagt bahasy egsilmeýän, gymmaty gaçmaýn gymmatlykdyr. Mysal üçin, häzirki durmuşymyzy alyp göreliň. Dünýä günsaýyn däl-de, demsaýyn özgerip dur. Oýlanyp tapylýan täze enjamlar, serişdeler, mümkinçilikler bir wagtlar apalanyp saklanan ençeme abzallary, gurallary durmuşymyzdan gysyp çykarýar.
Emma tehnologiýanyň ösen döwründe öz ähmiýetini birjikde kemeletmedik gadymy senet bar, uludan-kiçiniň aýratyn mukaddeslik, keramat bilen bakýan bu senedine kitap diýilýär. Kitaplar geçmişde ýaşan ata-babalarymyzyň taryhy paýhaslaryny, tejribelerini, häzirki döwürde gazanylan üstünlikleri we olara eltýän ýollary öz gursaklarynda saklap, okyjylara dogry ýola gönükdiriji sapak berýärler.
Kitaplar geçmiş bilen geljegiň hem-de halklaryň we ýürekleriň arasyndaky baglanyşygy üzmän saklap duran bahasyz miras hasaplanylýar.
Kitap okamak çagalarda dürli başarnyklaryň, ukyplaryň ýüze çykmagyna kömek etmek bilen birlikde, olaryň pikirlenişini, ukybyny-da ösdürýär. Şeýle-de kitap okamagyň düşünjäňi baýlaşdyrýandygy, beýniniň işjeňligini artdyrýandygy hemmä bellidir.
Kitap okaýan ýa-da kitap okalyp berlen çagalaryň aň-düşünjesi, beýleki çagalara garanyňda, has baýdyr. Pikirlenmegiň bilim bilen bilelikde kemala gelýändigi sebäpli, çagalar alýan biliminiň derejesine görä pikirlener.
Adaty ýagdaýda kitap okamak beýniňiziň hemişe işjeň bolmagyna getirer, ýatkeşligiňizi artdyrar.
Pikirlenmegiňizi kuwwatlandyrar. Kitap okamak maglumatlaryň ýa-da hadysalaryň dowamyny, netijesini öňünden oýlanmak, utgaşdyrmak, seljermek we pikirlenmek ukybyňyzy ösdürer. Dowamly kitap okamak size täze maglumatlary tapmaga, hadysalaryň görünmeýän taraplaryny aýdyňlaşdyrmaga, durmuşda duş geläýjek meselelerde ugurtapyjy häsiýetde hereket etmäge gönükdirer.
Söz baýlygyňyzy we dilewarlygyňyzy baýlaşdyrar. Näçe köp kitap okasaňyz, şonça-da söz baýlygyňyz artar. Söz baýlygyňyz size dilewarlyk ukybyňyzy kämilleşdirip meseläni anyk, takyk, gysga, manyly beýan etmäge, gürrüňdeşiňi ýadatman geplemäge, düşündirmäge ýardam eder.
Kitap okamak diňe bir köp bilmegimize ýada söz baýlygymyzy artdyrmagymyza däl, eýsem, ol saglygymyza hem peýdaly bolup durýar.
Kitap okaýan adam duýguçyl bolup, onuň beýleki ynsanlar bilen ysnyşykly aragatnaşygy hem has berkeýär. Kitaby kän okaýan adamyň okamaýan adamlardan uzak ýaşaýandygyny hem ylym subut etdi.
Ýatylmazyndan öň kitap okalsa, ol ukynyň çalt gelmegine hem-de rahat alynmagyna sebäp bolýar. Diýmek, kitap okamagyň peýdasy kän bolup, hatda ol gaharjaňlykdan hem azat bolmaga ýardam edýär.
Maýa Haýytmyradowa,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň
Jemagat infrastrukturasy we inženerçilik ulgamlary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
