MEDENIÝET

Kino we konsert pudagy ýitgi çekýär

Koronowirus pandemiýasynyň dünýä ykdysadyýetine maddy täsiri dowam edýär. Bilermenler bu täsiriň keseliň çäresi doly tapylyp, ol dep edilenden soň hem aradan aýrylmajakdygy baradaky pikirde.

Dünýä metbugatynda peýda bolan habarlara görä, pandemiýa sebäpli Ýer ýüzüniň kino pudagy 7 milliard dollar möçberinde serişde ýitirdi. Bu mukdar Birleşen Milletler Guramasynyň Söwda we ösüş konfensiýasynyň maglumatlaryna salgylanyp getirilýär.

Pandemiýa pudaga agyr zarba saldy. Dünýäniň iri kinokompaniýalary pandemiýa başlaly bäri diňe ýaşlardan peýdalanyp bilýärler. Olaryň sany bolsa Ýer ýüzi boýunça alnanda hem 30 milliondan kän däl.

Ýeri gelende, 2020-nji ýylda ýatyrylan konsertleriň hasabyna ýyllyk girdejiniň 30 göterim azalandygyny hem aýtmak gerek. Dogry, aýdym-saz sungatynyň dünýä ýyldyzlary onlaýn konsertleri berýärler. Ýöne bu-da olaryň girdejilerindäki pese düşüşligi halas edip bilmedi.

Durmuş Sahypamyz

Gündelik durmuşa degişli habarlary biz Durmuş sahypamyza ýerleşdirýäris.

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy

Türkmenistanyň döwlet kitaphanasyna pars dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

“Altyn Globus” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Las-Wegasda türkmen zenan el sumkasy dünýäniň iň meşhur sport ýyldyzlarynyň ýadygärlikleriniň arasynda ýerleşdirildi

Dr.Döwran Orazgylyjov